SPORT

Islam Mahaçew Dastin Porýeni ýeňip, çempionlygyny gorady

Ýeňil agramda «UFC-niň» çempiony Islam Mahaçewiň nobatdaky garşydaşy amerikaly Dastin Porýe boldy.

2-nji iýuna geçilen gije, ýagny ABŞ-nyň Nýuark şäherinde «UFC 302» ýaryşlarynyň çäginde tutluşyklar geçirildi. Bu ýaryşyň esasy tutluşygy ýeňil agramda 70 kilograma çenli rus Islam Mahaçew bilen amerikaly Dastin Porýeniň arasyndaky duşuşyk boldy.

Tutluşyk 5 döwden ybarat bolup, 5-nji döwde Mahaçewiň Habib Magomedowyň tilsimi bolan bogmak  usuly bilen garşydaşyndan üstün geldi. Şeýlelikde, Islam Mahaçew 3-nji gezek ýeňil agramda çempionlyk kemerini goramagy başardy.

Islam Mahaçew soňky tutluşygyny geçen ýylyň oktýabrynda BAE-niň Abu-Dabi şäherinde «UFC 294» ýaryşlarynyň çäginde awstraliýaly Aleks Wolkanski bilen geçirip, ony hem birinji döwde ýeňmegi başarypdy.

Mahaçew bu üstünligi bilen “UFC” ýaryşlarynda bassyr 14-nji ýeňşini gazandy. Ol yzly-yzyna gazanan 14 ýeňşi bilen özüniň dosty şöhratlar zalynyň agzasy Habib Nurmagomedowdan öňe geçdi. Habibiň yzly-yzyna 13 ýeňşi bar.
Amerikaly türgen Dastin Porýe hem bu ugurda ökde türgenleriň biridir. Ol 30 gezke ýeňiş gazanyp, 9 tutluşykda ýeňlipdi.
Bu tutluşygy tomaşa etmäge Islam Mahaçewiň dosty Habib Nurmagomedow hem gelip, ony bu ýeňşine höweslendirdi.
Şeýle hem tutluşygy tomaşa edenleriň hatarynda ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp heem bar. Tramp Habib Nurmagomedow bilen belli bir wagtlyk duşuşdy.

Ýene-de okaň

Neýmar 369 günden soňra ýaşyl meýdança dolandy

Ronaldo iň köp gazanan futbolçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda XIV Uniwersiada badalga berildi

Messi Ronaldonyň rekordyna şärik boldy

Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi boldy

Özbegistan futbol boýunça dünýä çempionatyna ymtylýar