DÜNÝÄ

Türkiýäniň Ýozgat şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

2024-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Ýozgat şäheriniň merkezi seýilgähinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy gurnaldy.

Geçirilen dabara Ýozgat welaýatyň we şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, Türkiýäniň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, türkmen talyplary we habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Gül goýmak dabarasyndan soň, Ýozgat şäheriniň Bozok uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata hormatly myhmanlar hökmünde Ýozgat welaýatynyň Gubernatory Mehmet Ali Ozkan, Ýozgat şäheriniň mery Kazim Arslan, Bozok uniwersitetiniň rektory Erwen Ýaşar, professor-mugallymlar we türkmen talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň diňe bir Türkmenistanyň medeniýetine däl, eýsem sebit ýurtlaryna möhüm täsiri bellenildi. Şeýle hem, çykyş edenler türkmen filosofy we şahyry Magtymguly Pyragynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» atly halkara sanawyna girizilendigi we 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygyny hem bellediler.

Şeýle hem, Bozok uniwersitetinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinden, Magtymguly Pyragynyň kitaplaryndan ybarat we türkmen medeniýetini wasp edýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi görkezildi.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi