SIZDEN GELENLER

Zähmet – bagtyň çeşmesidir

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Zähmet endigini ele almadyk adam, edil elsiz-aýaksyz ýalydyr, ýönekeý ýagdaýlarda hem başyny çarap bilmän durandyr. Zandynda zähmet terbiýesi bolan adam hökman bir ugur tapar. Zähmet ugurtapyjylygy hem terbiýeleýär» diýip bellenilýär. Zähmet her bir adamyň ýüzüniň tuwagy, daşynyň goragydyr, bereket çeşmesidir, halal gazançdyr. Ynsanyň eýe bolan abraýy, hut halal, päk zähmetiň üsti bilen gazanylan hormat-sylagydyr, belent mertebesidir. Şonuň üçin hem köpi gören ata-babalarymyz «Zähmet soňy rehnet», «Halal işle, at gazan», «Işlemedik dişlemez», «Käri bolan har bolmaz» ýaly zähmet terbiýesi bilen bagly onlarça nakyllary döredipdirler

. Zähmet çekmek adamy mätäçlikden, garaşlylykdan goraýar. Halal zähmet ynsanyň rahatlygyny üpjün edip, rysgalyny artdyrýar. Zähmet bilen gümra bolup ýören adamlaryň wagty hem hoş geçýär. Çünki zähmet adamy bikärlikden, ýaramaz endiklerden, ýakymsyz pikirlerden goraýar. Zähmet bilen taplanan adam paýhasly, akylly, salyhatly bolýar. Zähmet adamy ähli zada oýlanyşykly çemeleşmäge, gazanan emlägiňe şükrana bolup, halallygyň gadyryny bilmäge ugrukdyrýar. Lukmanlar hem zähmetiň adam bedenini berkidýändigini, aňyna gowy pikirleri guýýandygyny aýdýarlar.

Türkmen halkymyz zähmet barada köp sanly nakyllary döredipdirler. Şolaryň käbirini mysal getirmek bolar. “Zähmet – bagtyň çeşmesidir”, “Zähmet – baýlygyň doganydyr”,  “Zähmet – iň uly terbiýeçidir”,  “Zähmet – ulalmak serişdesidir”,  “Zähmet-yhlas gudrat döredýär”, “Zähmet – ýaşaýşyň rehnetidir” we “Zähmet – zehiniň açarydyr” diýen nakyllar bilen halal zähmet çekip, asuda we bolelin durmuşa ýaşamgy ündäpdirler.

Halallyk, halal ýaşaýyş, halal gazanç, halal zähmet diýen düşünjeler biziň halkymyzyň gadymdan bäri ganyna, ruhuna, süňňüne siňen ajaýyp häsiýetlerdir. Alp Arslanyň, Görogly begiň, Gorkut atanyň, Däli Domrulyň halallyk, mertlik, ynsanperwerlik hakyndaky ýörelgelerini gursagynda şineleden, halal, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bu günki gün ýurdumyzyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Ine şol aýdyň maksat bilen hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary esasynda raýatlaryň, aýratyn-da ýaş raýatlaryň arasynda wagyz -nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Halal zähmet çekmek, halal gazanmak jemgyýetiň agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy barada aladalar bilen baglanyşyklydyr. Çünki dünýäde halal zähmet çekip, ak ýürekliligi bilen ýagşy at galdyrmak her bir ynsanyň borjudyr. Biziň her birimiziň şeýle asylly ýörelgä eýermek bilen, halallygyň, sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ýagty geljegiň, bagtyýarlygyň dowamat bolmagynyň hatyrasyna gadamlarymyz barha batlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halal zähmetiň sarpasy belent tutulýar, asylly zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döredijilikli we halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin!
Gülbahar Saparowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
zähmet usuly birleşmesiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti

Okatmakda innowasion usullaryň we daşary ýurt dilleriniň täsirleri

Magtymguly Pyragy – döwürleriň şahyry

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy