MEDENIÝET

“Daragt” filmi Çeboksar halkara kinofestiwalynda görkezildi

Russiýa Federasiýasynyň Çuwaş Respublikasynyň Çeboksar şäherinde 23-29-njy maý aralygynda XVII Çeboksar halkara kinofestiwaly geçirilýär. Onda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Daragt” çeper filmi hem giň tomaşaçylar köpçüligine görkezildi.

Şeýle hem “Daragt” çeper filminiň goýujy kinorežissýory Sahysalyh Baýramow bu halkara kinofestiwala myhman hökmünde gatnaşýar.

2023-nji ýylda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen bu film türkmen maşgalasynyň durmuşyny açyp görkezýär.

Kinonyň esasy pursatlaryny 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky wakalara emele getirýär. Köp sanly meýletinçiler bilen bir hatarda bu filmiň baş gahrymanynyň adamsy hem urşa gidýär. Oňa bolsa, maşgala ojagyny saklap, köp ýyllaryň dowamynda oňa garaşmak galýar.

Durmuşy wakalary özünde jemleýän “Daragt” çeper filmi 27-nji maýda bu kinofestiwalyň çäklerinde görkezildi.

Halkara kinofestiwalda döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary we çagalar üçin köp sanly filmleriň görkezilişi boldy.

XVII Çeboksar halkara kinofestiwalyna hödürlenen ähli filmler surata düşürilen resmi dilinde görkezilýär.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragyň goşgulary haly sungatynda

Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň teatr festiwaly geçiriler

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

14—19-njy iýun: ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Konsertde hoş owazlar ýaňlandy

Ata Watan Eserleri

«Daragt» filmi Bişkekdäki halkara kinofestiwalynda görkeziler