SIZDEN GELENLERWideo habarlary

Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy

Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistan Watanymyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde körpe nesillerimiz üçin baýramçylyk dabaralary, medeni köpçülikleýin çäreleri giň gerime eýe bolýar.

Dünýäde bagtly çagalygyň mekany hökmünde tanalýan güneşli Diýarymyzda ýaş nesliň bagtyýarlygyna, şadyýanlygyna şaýat bolanyňda, ýurt abadançylygyna, parahatçylygyna hem-de halkymyzyň bolelin durmuşyna buýsanjyň artýar. Bilimli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek babatda edilýän alada ata Watanyň, halkyň nurana geljegini berkarar etmek bilen baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, Diýarymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip, aýratyn belläp geçmegi hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, sagdyn jemgyýetiň binýadyny berkitmek hem-de körpe nesliň abadan durmuşyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň giň gerimde durmuşa geçirilýändigini ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap «Ene mähri» merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmeginiň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna amala aşyrylýan ynsanperwerlige ýugrulan beýik işleriň mysalynda hem görmek bolýar.

Bu ugurda berkarar döwletimizde halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, hususan-da, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän nusgalyk işlerine, döwlet syýasatyna hem-de umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryna bütin dünýäde uly ähmiýet berilýär.

Çagalary goramagyň halkara güni ilkinji gezek 1950-nji ýylda dünýäniň 51 ýurdunda bellenildi. 1959-nji ýylda BMG çagalaryň hukuklary hakyndaky Jarnamany hem-de 30 ýyldan soň — 1989-njy ýylda çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýany kabul etdi. Şol ýyldan bäri dünýäniň köp ýurtlarynda şatlygyň we bagtly çagalygyň bu ajaýyp baýramy giňden bellenilip gelinýär.

Çagalar — biziň geljegimiz. «Bal süýji, baldan-da bala süýji», «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň» ýaly parasatly pähimlerden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany, çagalygy we eneligi goldamaga hem döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki, ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmegi, sagdyn bolmagy, döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp ýaşamagy üçin döwletimiz uly alada edýär.

Muhabbet Döwletowa, 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Mustafa Sandal we Mustafa Jejeli Türkmenistanda konsert berer

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler