ATAWATAN ESERLERİ

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri her birimiziň durmuşymyza uly ýeňillikleri eçilýär

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri hakynda oýlanyp otyrkaň, dünýäňi iň ýakymly duýgular gurşap alýar. Haçanda olar gönüden-göni hut seniň özüňe hem degişli bolan ýagdaýynda olara bolan garaýşyň has başgaça bolýar. Her pursatda onuň ähmiýetinden, eçilýän eşretinden söz açasyň gelip durýar. Meniňki hem şoňa bardy.

Türkmenistanyň “HALKBANK” Paýdarlar Täjirçilik bankyndan alan karz pulumy her aýyň başynda banka gatnap, töläp ýörkäm, birdenem kellämde sorag äheňli pikir peýda boldy. Şonuň esasynda-da  öz-özüme maslahat berip, “Eýsem-de, sanly ulgamyň ýola goýlup, ýokary depgin bilen ösdürilýän döwründe men näme üçin banka gatnap ýörün?!” diýdim. Iş ýerimiziň ikinji gatyndaky pul beriji enjamyň öňünde peýda boldum. Düwmelerini basyşdyryp, hasabymdaky pul serişdäni bankyň hasabyna geçirdim. Bu, elbetde, birinji gezekde o diýen ýeňil düşmedi. Ýöne ikinji gezek tölemäge baranymda oňa meniň bary-ýogy iki minut wagtym gitdi. Eger ýörite gidip töläp gelen bolsam, ol meniň azyndan iki sagadymy alardy. Sanly ulgamyň eşretini, ine, şular ýaly ýagdaýlarda has ýakyndan duýmak bolýar.

Elbetde, biz onuň — sanly ykdysadyýetiň eşretdir mümkinçiliklerini ähli ýerde duýýarys. Arada uçar üçin petek almak maksady bilen ýola düşdüm. Ýanynymda pasportymyň ýoklugy ýadyma düşüp, yzyma dolanmakçy boldum. Ýöne edil öňki ýaly, kellä gelen gowy pikiriň esasynda ýolumy dowam etdirip, petek satylýan äpişgäniň öňünde häzir boldum. Petegimem aldym. Pasportyň ýanymdaky el telefonyma düşürilen suraty esasynda gerekli güne petek alyp dolanyp gelýärkäm, menden bagtly adam ýok ýalydy. Çünki sanly ulgamyň esasynda kyn hasap edýän işleriňi aňsatlyk bilen çözüp bolýar ahyryn.

Şeýle mysallary näçe uzaltsak uzaldyp bilýänligimiz sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň juda giňdiginden habar berýär. Arada dogduk obama gitmeli boldum. Çagalar gyssagly ýagdaýda pasportymyň gerekdigini aýdyp, til kakdylar. Näme etmeli? Pasport ýanymda. Göçürmesem ýok bolaýmasa! Meni hatda çetki obada hem internetiň işleýändigi halas etdi. Pasportymy surata düşürdim-de, çagalaryma ýolladym welin, iş bitdi duruberdi. Ine, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden şular ýaly görnüşde ýerlikli peýdalanyp bilen ýagdaýyňda ol has ähmiýetli bolup durýar.

Geçen ýylyň ahyrynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak maňa-da miýesser etdi. Şonda gazet makalasyny ýazmak maksady bilen, bagtdan paýly hojalyklaryň birnäçeinde myhmançylykda bolup gördük. Şonda sanly ulgamyň miweleri mesaňa bolup dur. Öý eýesi elindäki naşyja enjamyň üsti oturan ýerinden öýüň tutularyny açyp goýberdi welin, içeri diňe bir daşardan gelýän ýagtylygyň däl, eýsem, sanly ulgamyň täsirinden ýagtylyp giden ýaly boldy. Bu ulgamyň eçilýän miwelerini “akylly şäher” hasaplanýan täze şäher düzüminiň ähli öýlerinde görmek bolýar. Diýeli, gapyny açmak-ýapmak meselesi. Häzir bu tapgyryň köp jaýlarynda gapyny awtomatik gulplamak ulgamy giňden ulanylýar. Bu mümkinçilik seni uzak gün birahat biljek aladaňdan halas edýär. Sebäbi kä halatlarda öýden iş ýeriňe geleňsoň, sende “Gapyny ýapdymmykam ýa ýapmadymmykam?!” diýen aladaly sowal gurşap alýar. Uzak gün işläbem mazaň bolmaýar. Şeýle ýagdaýda sen sanly ulgamdan peýdalanyp, bu şübhäňi hem doly aradan aýryp bilýärsiň. Ine, eşret diýip şuňa diýilýär!

Arada adamym tanyşlarynyň biriniňkide myhmançylykda bolupdyr. Gelensoň, hemmämize ol öýüň mümkinçiliklerinden joşup-joşup gürrüň berdi. Otaglarynyňam gaty giňdigini aýdyp, “Öýüňdäkileriň birini çagyrmakçy bolsaň, ses ýeter ýalam däl” diýip, munuň üçin öý eýesiniň amatly usul tapmandygyny aýdyp berdi. Onuň aýtmagyna görä, öý eýesi uly desterhanyň gyrasyndaky düwmäni basmak bilen, öý bikesini ýa çagalaryny çagyryp bilýär. Göräýmäge, uly bir zat dälem ýaly. Ýöne ähmiýeti uly. Hassahanalardaky ýatylýan ýerde şeýle düwmeleriň bolmagy has hem möhüm. Çünki goýlan sanjym suwuklygy gutaryp gelýändir welin, sen howsala düşmän, ýatan ýeriňden düwmäni basmak arkaly şepagat uýasyny çagyryp bilýärsiň. Sanly ulgamda şular ýaly gaty kän mümkinçilikler durmuşymyzyň has hem eşretli bolmagyna getirýär.

Bu ulgam biziň zähmet çekýän neşirýat ulgamymyz bilen hem gönüden-göni baglanyşykly. Gazet-žurnallary gözläp aýlanyp ýöreňok. Ýa-da “Alyp ýetişmedim, gutarypdyr” diýip gynanyp oturaňok. Oturan ýerinden neşirleriň ählisi bilen tanyş bolup bilýärsiň. Şonuň üçinem, biz öz okyjylarymyza-da gazet-žurnallara internetiň üsti bilen ýazylmagy maslahat berýäris. Ol okyjylaryň bähbidine hem bolup çykýar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagly ýurdumyzda kitaphanalarda sanly ulgama ilkinjileriň hatarynda girişildi. Şonuň esasynda-da, bu ulgamyň mümkinçilikleri günbe-günden artýar. Öňler esli wagt ýitirip kitaphanalara gatnan bolsak, häzir biz döredilen amatly şertlere görä, ol kitaplary oturan ýerimizden hem okap bilýäris. Munuň esasynda hem-ä wagt tygşytlanýar, hemem hiç hili kynçylyksyz islegiňi amala aşyryp bilýärsiň. Ine, ykdysadyýetimizde uly güýç bolup durýan, öňegidişliklere oňaýly şertleri döredýän sanly ulgam biziň her bizimiziň durmuşymyzy ýeňilleşdirmek üçin şeýle uly mümkinçilikleri eçilýär.

 

Ogultäç ORAZTAGANOWA,

“Watan” gazetiniň edebi-çeper döredijilik bölüminiň redaktory.

 

Biometrik Pasport : Daşary ýurtlardaky raýatlarymyz üçin soraglara jogaplar

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri