ATAWATAN ESERLERİ

Sanly ulgam: Nebitgaz pudagynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýar işler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda nebitgaz pudagynda hem sanly ykdysadyýeti ösdürmek, sanly ulgama geçmeklik baradaky işler alnyp barylýar. Men hem öz gezegimde “awatan-turkmenistan.com” internet sahypasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bäsleşige “Türkmennebit” döwlet konserniniň bu babatda alyp barýan işleri baradaky makalany okyjylara ýetirmegi makul bildim.

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlenilýär we oňa laýyklykda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň tassyklanan konsepsiýasyny amala aşyrmaga girişildi. Ykdysady ösüşi gazanmak bilen baglylykda, halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçiligi ylmyň soňky gazananlary bilen dolandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar, munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokary derejelere çykarmakda beýleki pudaklar bilen bir hatarda nebitgaz toplumynda hem tutumly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň birinde nebitgaz senagatyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurlygy we pudagy innowasion taýdan ösdürmekde “düşbi guýularyň” we “sanly ýataklaryň” taslamalaryny hasaba almak bilen, pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidigi nygtaldy. Bu bolsa öz gezeginde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmeklik üçin wezipeleri öňde goýýar we ýokary netijeli innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaklygy talap edýär. Şonuň esasynda, sanly ulgamy giň gerimde ulanmak arkaly önümçiligiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak we ösdürmek talap edilýär.

Nebitgaz pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmakda sanly ulgama geçmeklik pudagy ösdürmekde oňyn netijesini berýär. Bu alnyp barylýan işlerden ruhlanýan nebit pudagynyň hünärmenleri hem döwrüň talaplaryndan ugur alyp, nebit önümçiliginiň ähli ugurlaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeldýärler.

“Türkmennebit” döwlet konserni hem bu babatda aragatnaşyk serişdeleriniň ösdürilmegi we awtomatlaşdyrylmagy şeýle hem nebitli-gazly ýataklardan önüm almaklygy toplumlaýyn ýola goýmak üçin birnäçe işleri alyp barýar. Şeýle hem konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň sargytnamalary esasynda, olary seljerip, tehniki taýdan esaslandyryp, edara-kärhanalary awtomatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak we howpsuzlygy üpjün etmek bilen, önümçilige täze tehnikalar we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Bu işleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda diňe ulgamy kompýuterleşdirmegiň, maglumatlaşdyrmagyň däl, eýsem, sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaklygy şertlendirýär. Sanly ulgama geçmekligiň özi nebit we gaz ýataklaryny gözlemek, agtarmak hem-de işläp taýýarlamak, düýpli barlaglaryň gazananlaryny nebit we gaz çykarmagyň hem-de ugratmagyň tehnikasyna we tehnologiýasyna ornaşdyrmak bilen baglydyr.

Häzirki wagtda konsern tarapyndan täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşygy gowulandyrmak we elektron maglumat beriş ulgamyny gurnamak maksady bilen, konserniň düzümindäki trestleriň we müdirlikleriň arasynda sanly we analog telefon nokatlaryny IP belgisi bilen içki tor arkaly ýeke-täk maglumat beriş ulgamy gurnaldy. Şonuň bilen birlikde, konserniň merkezi edarasynda elektron resminamalar dolanyşygy gurnalyp, häzirki wagtda çykarylýan nebitiň we gazyň gündelik maglumatlary degişli hünärmenlere iberilýär.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň nebit-gaz çykaryş işleriniň alnyp barylýan meýdanynda guramaçylyk – tehnologiki dolandyryşy üpjün etmek maksady bilen, burawlaýyş meýdançalarynda geologiýa tilsimat maglumatlaryny hakyky wagt (real time) görnüşinde monitoring arkaly amala aşyrylýar.

Mundan başga-da, konserniň “Nebitgazçykaryş” trestiniň “Esasy nebit geçirijiler” müdirligine degişli bolan, “Hazar” (turba), “Goturdepe”, “Wyşka”, “Gumdag”, “Körpeje” nebit akdyryş beketlerinde, “Ekerem” nebit geçiriji bekedinde, “Hazar” (deňizdäki) nebiti guýýan bölümçesinde we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebitiň mukdaryny ölçeýän we hilini görkezýän ulgamlar ornaşdyrylyp, häzirki wagtda konserniň we trestleriň, müdirlikleriň degişli bolan bölümlerine hakyky wagt (real time) görnüşinde monitoring arkaly amala aşyrylýar.

Innowasion we kompýuter tehnologiýalarynyň kämilleşmegi bilen olaryň nebitgaz pudagynda ulanylýan ugry hem ep-esli giňeldi. Kämil tehnologiýalary ulanmak arkaly ýokary netijeler uglewodorod çig malyny gazyp almak bilen bagly taslamalarda IT tehnologiýalary ulanylanda gazanylýar. Sanly guýy sanly ýatagyň esasy bölegi bolup, ol abzallaryň kömegi bilen özi hem-de daşky gurşaw barada maglumatlary üznüksiz toplaýar we seljerýär, öz iş düzgünini sazlaýar, enjamlaryň işinde ýüze çykan näsazlyklary duýdurýar. Maglumatlar dispetçerçilik bölüminde oturan operatorlara, şeýle hem inžener-tehniki işgärleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň şahsy kompýuterlerine üznüksiz baryp gowuşýar. Bu bolsa nebit-gaz işlerine gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi üpjün edip, enjamlaryň meýilnamadan daşary boş durmagyny, ony abatlamak üçin çykdajylary azaltmaga, näsazlyklaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

Umuman aýdanyňda, döwür bilen aýakdaş gitmeklik ähli ulgamlarda kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Şonuň esasynda, nebit hem gaz pudagynda sanly tehnologiýaly we innowasion çözgütli tehnikalar arkaly sanly ulgamy ornaşdyrmaklygyň esasynda, önümçiligiň ep-esli artdyrylmagy üpjün ediler. Bu ulgamyň durmuşa geçirilmegi Prezident maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de nebitgaz senagatynyň ösmegi, milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagy ugrunda şert döreder.

 

Gülälek ÝÜZBAŞYÝEWA,

“Türkmennebit” döwlet konserniniň

Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni

 

Daşary ýurda okamaga gitjek raýatlaryň dykgatyna

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri