SIZDEN GELENLER

Kakamdan gelen hatlar(oýlanma)

Bugün meniň çagalyk durmuşumda iň gyzykly günleriň biridi. Sebäbi biz ejem bilen mamamlara gezelenje gelipdik. Okuw hepdesiniň dowamynda duşenbeden-şenbe gününe çenli okap, şenbe güni bolsa mamalara ýatymlaýyn gezelenje gitmek meniň üçin iň möhüm zatdy. Ejemiň “Gyzymjan öýüňem işi ýetik, indiki dynç güni gidäýeris” diýip, düşündirjek bolmagyna garamazdan, özdiýenligim bilen aglamak derejesine çenli baryp, ahyrsoňy ýol alýardym. Kakamjanyň ýekeje gyzy bolamsoň, ol meniň bolup oturyşyma dözmän, bizi mamamlara düşürip gaýdardy. Meni mamamlara barýan ýola şeýle imrikdirýän ýekeje sebäp bardy. Ol hem babamyň aýdyp berýän gyzykly gürrüňleri. Meniň babamyň obanyň ýönekeýje mehanizatorydygyna garamazdan, tebigy we takyk ylymlardan, edebiýatdan, ylaýta-da geografiýadan güýçli baş alyp çykmagy meni haýran galdyrýardy. Onuň gürrüňleriniň içinden maňa iň ýakyny garry babamyň şöhratly ömür ýoly baradaky wakalardy.

Her şenbe gününiň edähedine görä agşamlyk naharyna töwir galdyrylandan soň, “men başlyklaýyn” babamyň daşyna üýşerdik. Babamyň berýän gürrüňleri meni şol ýyllara sary alyp giderdi.

“1942-nji ýylyň mart aýynda kakamy Beýik Watançylyk urşuna çagyrypdyrlar. Kaka mährinden ganmadyk hem bolsam, ejemiň, oba-garanyň kakam hakda berýän gürrüňleri, onuň il derdine ýaran adamdygy baradaky öwgüli sözleri göz öňümde kakamyň syratly keşbini janlandyrýardy. Kakamdan yzygiderli hatlaryň gelip durmagy meniň oňa bolan ynamymy has-da berkidýärdi. Ol hatlar biziň Beýik Ýeňişe bolan umydymyzy goşalandyrýardy. Ynha bir günem kakamdan şeýleräk hat gedi. Hatda onuň ýaralanyp harby hassahanada ýatandygy, ýagdaýynyň erbet däldigi ýazylgydy. Biz bu haty okap gaty gynandyk. Şol gün  ejem uzak gijäni aglap çykypdy.

1945-nji ýylda Beýik Ýeňişiň gazanylmagynyň esasy buşlukçysy kakamyň haty boldy. Bu hatda kakam biziňkileriň Ýeňiş gazanandygy, Reýhstagda baýdak dikilendigi barada ýazýardy. Bu haty okap, meniň begenşimi bir görsediňiz. Elim hatly obanyň hemme ýerini aýlanyp çykypdym. Ylgap barşymada “Meniň kakam ýeňiş gazanypdyr. Biziňkiler ýeňipdirler” diýip, gygyrýardym. Kiçijik çaganyň begenjine oba adamlarynyň käsi begenip, käsi begenjine aglapdy. Ýöne meniň bu begenjim kän uzaga çekmedi. Biraz wagt geçenden soň, kakamyň kesel zerarly aradan çykandygy barada hat geldi. Şondan soňra kakamdan derek bolmady. Ulaldyk. Ýigit çykdyk. Özümiz kaka, ata bolduk. Hormatly Prezidentimiz 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary hatyralap “Hatyra” kitabyny her welaýat boýunça neşir etdirdi. Şol kitabyň Lebap welaýaty boýunça tomuny elime alyp, göz gezdirip oturan wagtym, kakamyň adyna gözüm düşdi. Özüm kaka, ata ýaşyna ýetemde kakamdan uç tapylanyna begenip, gözümden ýaşyň damanyny hem bilmän galypdyryn. Meniň ynamymy ýüregimde ýaşadan kakamdan gelen hatlar meni aldamandy. Olar diňe bir meni däl, eýsem hormatly Prezidentimiziň saýasynda urşuň çagalarynyň öz hossarlaryna, kakalaryna bolan  beýik ynamyny gaýtadan janlandyrdy”.

“Babasynyň bilesigeliji agtyjagy saňa ýatmaga wagt boldy” diýip, babamyň  başymy sypalap, aýdan sözleri meni hyýallar dünýäsinden çekip aldy. Ýerime geçen badyma uklap galypdyryn. Düýşümde garry babam merdemsi gollaryny galgadyp, bize guwanç bilen seredip durdy…

 

 

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Ýene-de okaň

Rus şahyry Puşkiniň we Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy

Rus dilini öwrenmegiň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

Ata Watan Eserleri

Köňüllerde orun alan beýik akyldar

12-nji iýun — Ylymlar güni

Magtymguly Pyragynyň milli mirasyna belent sarpa