TEHNOLOGIÝA

Hytaý Aýda beket gurar

Hytaý Halk Respublikasy Aýda halkara gözleg merkezini döretmäge taýýarlanýandygyny aýtdy. Bu barada hytaýyň “Sinhua” habar gullugy habar berýär. Dörediljek gözleg merkezi Ýeriň günorta polýusynda peýda bolmagyna garaşylýar. Mundan öň Hytaý gurluşyk meýdançalaryndan birnäçe nusgalaryny daşamak üçin özleriniň synaglaryny ibermegi, şeýle hem zerur geologiki gözleg işlerini geçirmegi we Aýyň üstünde ösen esasy tehnologiýalarynyň hemmesini synagdan geçirmegi meýilleşdirýär.

Gözleg merkeziniň Ýeriň günorta polýusynda ýerleşdirilmegi ýöne ýerden däl. Sebäbi ol ýerde polýar güni jemi 180 gün dowam edip geçýär. Bu bolsa kosmonawtlar üçin dürli ylmy gözlegleri geçirmek üçin örän amatly şertleriň biri bolup durýar. Ýaňy-ýakynda bolsa Russiýanyň “Roskosmos” we Hytaýyň kosmos administrasiýasy bilen bilelikde Aýda halkara bekedini döretmek boýunça hyzmatdaşlyga gol çekişdiler diýip bellenilýär.

 

Aşgabatda “OGT-2021” halkara maýa goýum forumy geçiriler

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine 200 sany awtobus sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri