TEHNOLOGIÝA

Gazagystanda ilkinji elektrik beketler gurular

Gazagystanda elektro ulaglar üçin ilkinji elektrik bekedlerini gurmaga başladylar. Bu barada NIAT “Howar” habar gullugy “Kazinform” habar gullugyna salgylanyp Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastruktura ösüş ministriniň orunbasary Amaniýaz Eržanow habar berýär.

“Ýaşyl Ykdysadyýet Merkezi bilen bilelikde “Ýaşyl ykdysadyýet” maksatnamasyny ikinji ýyl bäri amala aşyrýarys. Elektrik ulaglaryna tok berjek ilkinji 50 bekedi Nur-Soltan we Almaty şäherlerinde we Nur-Soltan-Şuçinsk awtoulag ýolunyň ugrunda gurlar. Olar häzirki wagtda gurulýar” diýip, Amaniýaz Eržanow nygtap geçdi.

Mundan ozal mejlisde “Gazagystan Respublikasynyň energiýasyny tygşytlamak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky käbir kanunçylyk üýtgetmelerine üýtgetmeler we goşmaçalar barada kanun taslamasynyň hödürlenişiniň geçirilendigi habar berildi. Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastruktura ösüş ministriniň orunbasary Amaniýaz Eržanowyň belleýşi ýaly, kanunyň taslamasy 10-njy ýanwarda ilkinji prezidentiň Gazagystanyň halkyna eden ýüzlenmesini durmuşa geçirmek boýunça Milli hereket meýilnamasyny ýerine ýetirmek üçin işlenip düzüldi.

 

Tehniki enjamlary satyn almak bäsleşigi

 

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi