DÜNÝÄ

Bütindünýä statistika güni

Bütindünýä statistika güni Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika geňeşiniň ýolbaşçylygyndaky global hyzmatdaşlyk çäresidir. BMG-niň Ykdysady meseleler boýunça Statistika departamentiniň we möhüm habarlary kesgitleýän web sahypasy arkaly wagyz-nesihat çärelerini üpjün edýän kompaniýanyň global utgaşdyryjysydyr. Bütindünýä statistika güni (inlisçe-World Statistics Day; rusça-Всемирный день статистики) ilkinji gezek 2010-njy ýylyň fewralynda BMG-niň 41-nji mejlisinde Statistika topary tarapyndan 20-nji oktýabrynda bellenilip geçilmegi tassyklandy. Onuň BMG tarapyndan bellenilýän beýleki halkara günlerden tapawudy her ýylda däl-de, her 5 ýyldan bellenilýänligidir. Bu halkara gününi esaslandyryjy BMG-niň düzümindäki Statistika komissiýasy hasaplanýar. 2010-njy ýylda bu halkara güni dünýäniň 103 ýurdunda bellenildi. Şeýle-de Afrika yklymynyň 51 döwleti 18-nji noýabrda Afrika Statistika gününi belläp geçdiler.

2015-nji ýylda Baş Assambleýanyň 69/282 karary bilen Bütindünýä statistika güni “Maglumatyň hiliniň ýokarlanmagy-durmuşyň hiliniň ýokarlanmagydyr” atly şygar astynda bellenildi.

Bütindünýä statistika gününiň  dünýäniň dürli döwletlerinde bellenilýän seneleri we atlary:

  • BMG-de Bütindünýä statistika güni-20-nji oktýabr;
  • Belarusda – Döwlet statistika işgärleriniň güni-23-nji awgust;
  • Gazagystanda – Statistika güni-8-nji noýabr;
  • Ukrainada – Statistika işgärleriniň güni-5-nji dekabr;
  • Russiýa Federasiýasynda – Statistika işgärleriniň güni-25-nji iýun.

Her 5 ýyldan belleniilmegi karar edilen  Bütindünýä statistika güni indi üstümizdäki 2020-nji ýylda belleniler. 3-nji Bütindünýä Statistika güni “Dünýäni ynamdar maglumatlar bilen birleşdiriň” atly şygar astynda belleniler. Bu mowzuk milli statistika ulgamynda ynamyň, ygtybarly maglumatlaryň, innowasiýalaryň jemgyýetiň durmuşyndaky ähmiýetini açyp görkezýär.

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň

 3-nji ýyl talyby.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasy hyzmatdaşlygyny ösdürer

ABŞ-da prezident saýlawlary: 70 million saýlawçy ses berdi

Türkmenistan Monako ilçi belledi

Täjigistanda «Magtymguly Pyragy we türkmen-täjik dostlugy» atly döredijilik agşamy geçirildi

Türkmenistanda Halkara täjirçilik arbitraž merkezi dörediler

Türki dünýäsiniň sammiti: Ärdogan döwlet, Orban resmi sapar bilen Gyrgyzystana barar