BIZNES

Bitkoinyň bazary nähili bolar?

“Kraken” kriptowalýuta biržasynyň baş direktory Jessi Pauel bitkoin barada şeýle diýýär. “Bitkoin özüniň ösüşini dowam etdirer, ýylyň ahyrynda bolsa bir bitkoina “Lamborjini” sport ulagyny, iki ýyldan soňra bolsa “Bugatti” sport ulagyny satyn alyp bolar” diýip, “Bloomberg” agentligine habar berýär.

Jessi Pauel bir bitkoiny amerikan dollar pul birligi bilen deňeşdirmän, ony awtoulaglar bilen deňeşdirmelidigini belledi. Häzirki wagtda bolsa bir bitkoina “Tesla” kompaniýasynyň “Model 3” görnüşli elektroulagyny satyn alyp bolýar. 2019-njy ýylda we geçen ýylyň birinji ýarymynda bir bitkoin, “Honda Civic 2010” awtoulagynyň ulanylan bahasyna deň ekeni. Geçen ýylyň ahyrynda bolsa bir bitkoina şol maşynyň täzesini satyn alyp bolýan eken.

“MicroStrategy” kompaniýasynyň müdiri Maýkl Seýloranyň bellemegine görä, bir bitkoinyň bahasy 5 million dollara barabar bolup biler. Mundan başga-da, kriptowalýutanyň bazar kapitalizasiýasynyň ösüşi 100 trillion dollara ýeter diýip bellenilýär.

 

Täze “Belet Film” hyzmaty

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda möçberini artdyrar

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşar

Hindistanyň kompaniýalary Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

“Apple” ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýasy boldy

Rus ilçisi: tebigy gaz pudagynda rus-türkmen hyzmatdaşlygy ileri tutulýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda “HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara forum we sergi geçiriler