TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi saýty açylar

Türkmenistan halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürer. Habar beriş serişdeleri ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda anyk teklipler taýýarlandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berildi.

Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak üçin zerur çäreler görülýär. Halkara resminamalaryň birnäçesiniň taslamalary boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem goňşy ýurtlaryň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini bilen gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän habar beriş serişdeleriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär.

Ýöriteleşdirilen halkara düzümleri we daşary ýurtlar bilen bilelikde onlaýn görnüşinde mediýa forumlary, metbugat maslahatlary we beýleki çäreleri sanly tehnologiýalar arkaly guramak, maglumat täzelikleri işiniň möhüm ugry bolup durýar.

Milli, sebit we dünýä derejesinde habar beriş ulgamynda möhüm ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirmek maksady bilen Ýuwaş ummany teleradiogepleşikleri bileleşigi bilen 2021-nji ýyl üçin hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär.

Şunuň bilen birlikde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çägini giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hasabatyň çäginde Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi saýtyny açmak teklibi beýan edildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň çykyşlaryny, milli maksatnamalary, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny we beýleki ähmiýetli maglumatlary hemmetaraplaýyn beýan etmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maglumat giňişligine yzygiderli goşulmagy, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy boýunça görülýän çäreleriň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz Bitarap Watanymyzyň dünýäniň mediýa giňişliginde mynasyp wekilçilik etmelidigini belläp, beýan edilen teklipleri makullady.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Sankt-Peterburg türkmen talyplaryna garaşýar

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk konserti

Teswirle