JEMGYÝET

Aşgabat – Kazan – Aşgabat uçar gatnawlary wagtlaýynça ýatyryldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan başlap ýatyrylýandygy habar berildi. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu barada şeýle diýilýär: 

Russiýa Federasiýasyna uçuşlar Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylar.
Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça alynan awiabiletleriňizi Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugruna ulanyp biljekdiňiz barada Size habar berýäris.

2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan 17-nji iýun aralygynda Aşgabat – Kazan ugry boýunça awiabiletleri bolan ýolagçylar üçin Moskwa şäherinden Kazan howa menziline çenli mugt we rahat awto ulag bilen üpjün ediler.

Şeýle hem, Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiabiledi bolan ýolagçylar üçin Kazan aeraportyndan Moskwa şäheriniň howa menziline çenli mugt we rahat awto ulag bilen üpjün ediler.
Hormatly ýolaçylar uçuşa hasaba alynýan wagtyndan (biletde görkezilen wagtdan 3 sagat öň) Kazan howa menzilen gelmegiňizi Sizden haýyş edýäris. Awiabiletleriň ählisi hereket edýär.

Aşgabat – Kazan – Aşgabaty ugurlaryna awiabiletleri alan ýolagçylara:

1.Awiabiledi täzeden resmileşdirmek:

Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiabiletler, ýolagçynyň islegleri bilen, Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça tölegsiz täzeden ýazylyp beriler. Awiabiletleri kassalarda täzeden resmileşdirilmeginiň zerurlygy ýokdyr. Ýolagçylar awiabiletde görkezilen senä we wagta görä Aşgabat we Moskwa şäherlerindäki halkara howa menzillerine uçuşa hasaba alynýan wagtynda gelmelidirler.

Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiabiletler, ýolagçynyň islegleri bilen Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça tölegsiz başga senä geçirip bilýändigiňiz barada Size habar berýäris.

2. Pul serişdeleriň yzyna gaýtarylmagy:

Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetiriljek gatnawlara awiabiledini üýtgetmek islemeýän ýolagçylar üçin, Awiakompaniýanyň häzirki hereket edýän düzgünlerine we görkezmelerine laýyklykda tutumsyz doly yzyna gaýtarylar. Pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy diňe awiabilediň satyn alynan ýurdunda gaýtarylýar.

Habarlaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda ýerleşýän agendymyzyň maglumat üçin telefon belgisi.
+8-812-459-98-99
Moskwa:+79032432250
+79151098502
Kazan : +78435005531
Sankt-Peterburg: +78124599899

Hem-de turkmenistanairlines.tm saýtynda görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:
Aşgabat: +99312230318,
+99312230315,
37-84-52, 37-84-32
Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti oňaýsyzlyk üçin ötünç soraýar we düşünenleri üçin ýolagçylara sag bolsun aýdýar.

Ýene-de okaň

Ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklandy

BMG-niň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Ata Watan Eserleri

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler