TEHNOLOGIÝA

“Google I / O” konferensiýasy

“Google” kompaniýasy her ýyl geçirilýän “Google I / O” döredijiler konferensiýasynyň nobatdaky konferensiýasyny 18-nji maýdan 20-nji maý aralygynda geçiriljekdigini resmi taýdan tassyklady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Sundar Piçai habar berýär. “Google I / O” konferensiýasy şu ýyl onlaýn ýagdaýda geçiriler we hemmeler tomaşa etmek üçin ähli mümkinçilikeler dörediler.

Döredijiler konferensiýasynyň dowamynda täze “Android 12” operasiýa ulgamynyň resmi taýdan tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem tejribeli döredijileriň gatnaşmagynda dürli tehniki seminarlar geçiriler.

Mundan başga-da konferensiýada täze “Android 12” operasiýa ulgamy deslapky formatda elýeterli bolar. Şondan soňra bolsa bu operasiýa ulgamynyň beta görnüşiniň synag işleri başlar, kompaniýa bolsa operasiýa ulgamynyň soňky çykjak görnüşiniň senesini mälim eder. “Google” kompaniýasy wirtual kömekçisi “Google Assistant”, “Chrome Browser” we beýleki hyzmatlary üçin täzelikleri barada paýlaşar diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

 

Terjimeçilik hünärini öwretmegiň usulyýeti

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine 200 sany awtobus sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri