JEMGYÝET

Çagalar üçin “peýdaly oýunlar” : Iňlis, Rus we Türkmen dillerinde

Soňky döwürde mobil telefonlarda oýun oýnamak çagalaryň gündelik durmuşynyň adaty ýagdaýyna öwrülip barýar. Çenden aşa oýun oýnamagyň zyýanlydygyny bilýän ene-atalar  munuň öňüni almak isleseler hem, wagtlaýyn gadagan etmeleriň çözgüt däldigi düşünikli zat!

Diýmek, çagalara “peýdaly oýunlar” tapyp bermek gerek we “Makul Sözlük Applikasyýasy” ine şeýle gözlegde bolan ene-atalara oňyn çözgüt hödürleýär! Çagalarymyz “Makul Sözlügi” ýükläp alsynlar, dürli suratlaryň üsti bilen Iňlis we Rus dillerini gyzykly we aňsat öwrensinler!  Makul Sözlükde “dil oýunlary” iki derejede berilýär we aňsatdan kynlyk derejesine çenli sözleri gyzykly öwrenmek üçin mümkinçilik döredilýär!

“Makul Sözlügiň” “Google Plaý Marketdäki” Applikasyýasyny şu ýere basyp ýükläp alyň we “peýdasyna” özüňiz göz ýetiriň!

Makul Sözlügi gönüden-göni www.makulsozluk.com saýtyndan hem peýdalanyp bilersiňiz!

Çagalar indi rus dilini hem gyzykly oýunlaryň üsti bilen öwrenip biler! “Makul Sözlügiň” çagalar üçin bölümi rus dilinde hem taýýar edildi.

Mälim bolşy ýaly, “Makul Sözlük” jemi 375 sany Iňlis dilinde iň köp ulanylýan sözleri saýlap alyp,  olary suratlaryň we oýnuň üsti bilen Iňlis we Türkmen dillerinde çagalara ýetiripdi. Ene-atalardan gelen islegleri hasaba alyp, biziň döredijilik toparymyz “Makul sözlügiň” çagalar üçin bölümini Rus diline hem geçirdi.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlap durmuşa geçirilen bu taslamamyzyň ýurdumyzyň geljegi bolup durýan çagalar üçin peýdaly boljakdygyna ynanýarys.

Mundan beýläk, çagalar jemi 375 sany sözi gyzykly oýunlaryň üsti bilen öwrenip bilerler! Munuň üçin “Google Plaý marketden” “Makul Sözlük” Applikasyýasyny mugt ýükläp almagyňyz ýeterlik!

Offline, ýagny internet bolmazdan hem işleýän Applikasyýanyň üsti bilen çagalara Rus dilini öwredip bilersiňiz!

Словарь для детей на русском языке: “Makul Sözlük”

Ýene-de okaň

Ýewro-2024: 16-njy iýundaky duşuşyklar

Ýewro-2024: Ispaniýa we Italiýa ýeňiş bilen başlady

Ýewro-2024: Sweýsariýa ynamly ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler

15-nji iýun: Ýewropa çempionatynda 3 duşuşyk bar

Germaniýa Ýewropa çempionatyna uly hasaply ýeňiş bilen başlady