ATAWATAN ESERLERİ

Bular aňsat ahyry ýa-da üstünlige ýetmegiň aňsat ýollary

Daş-töwerekdäkilere kömek etmek ynsanyň tebigatynda bar. Özgelere mähirli bolmak, ýagşylyk etmek bilen adam özüni süňňi ýeňil, şähdaçyk duýýar. Şunuň bilen birlikde ýagşylygy kabul eden adam hem şat bolýar. Hat-da kiçijik hereketler bilen hem «minnetdarlyga» mynasyp bolup, üstünlige ýetip bolýar. Ýönekeýje, emma ýakymly işler bilen uly başlangyçlaryň düýbüni tutup bolar:

  • Awtobusda özüňden ululara orun bermek juda ýönekeý ýaly görünse-de, adamlary göze görünmeýän mähir zynjyrjyklary biri-birine baglaýar. Megerem, her säher işe ýa-da okuwa ugramak üçin awtobusa münülendäki edilen bu ýagşylyk işiňde, okuwyňda uly bir üstünlik gazanmagyňa getirip biler.
  • Işde günortanlyk naharlaryňyzy paýlaşyň. Hat-da her bir işdeşiňiz üçin günde bir almajyk getiriň.
  • Iş ýeriňizde, penjiräniň öňünde kagyza hat ýazyp goýuň. Onda şeýle sözler bolsun: «Siz bu gün örän ajaýyp» ýa-da «Men size guwanýaryn»
  • Haçan-da birinden sowgat alanyňyzda, minnetdarlyk bildirýän hatjagazlary ýollaň.
  • Söwda nokadynda zat satyn alyp duran tanyşlaryňyzy göreniňizde, zat saýlaşmaga kömek ediň.
  • Kimdir biriniň öz işinde ezberligini göreniňizde, özüne hökman aýdyň.
  • Garrylara köçeden geçmäge kömek ediň.
  • Eger bir daşary ýurtly syýahatçyny görseňiz, ondan barýan ýerini soraň we salgy beriň.
  • Biri siziň maslahatyňyza mätäç bolsa, ýardam etmäge howlugyň.
  • Daşary ýurtly bir alymyň belleýşi ýaly, elinde gül bolanyň erbet niýeti ýokdur. Mümkin boldygyndan, ýakynlaryňyza we olaryň ýakynlaryna gül sowgat ediň. Bu bolsa, güli bereniň we kabul edeniň ýüreginiň has-da päklenip, işleriniň öňküden-de ilerlemegine ýardam eder.
  • Ýylgyryşyňyzy gysganmaň! Ol bagtyň, şatlygyň açary ahyry!
  • Hyýaly güýje ynanyň. Ähli zat hyýaldan başlanýar. Hyýalymyzda janlandyrýan pursatymyzda gözellikler, ajaýyp işler aňymyzda döreýär. Bu bolsa maksadymyza ýetmekde bize üstünligiň kartasy bolup durýar.

Siz öz aňsat, ýagny kyn däl hereketleriňiz bilen gymmat bahaly sowgatlar berlendäki tolgundyryjy pursatlardan-da müň esse köp şatlyk paýlap bilersiňiz. Eýsem bular diňe sowgat ýa-da şatlykdyr öýdýärsiňizmi? Ýok, bular üstünligiň şinesi. Şineleriň mähir bilen suwarylyp pyntyk ýarmagy. Ýagşylyk netijesinde boý almagy. Päk ýürekde örüsi giňäp miwe bermegi. Üstünlige ýetmäge howlugyň. Bu aňsat ahyry!

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri