TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Altyn Nurmuhammedowa: Bäsleşik ýaşlary döredijilige ruhlandyrýar

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy. Ýeňijiler hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Ýeňijilere we eserleriň  awtorlaryna dabaraly ýagdaýda sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara örän gyzykly we şowhunly  geçdi. Ýeňijiler öz eýelän orunlaryna görä, baýraklara mynasyp boldular. Soňra baýrakly orunlara eýe bolan awtorlarymyz bilen hem söhbetdeşlikler guraldy.

Bu bäsleşigiň geçirilmegine ýakyndan ýardam beren “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň direktory Altyn Nurmuhammedowa bilen hem söhbetdeş bolduk.

Bäsleşigiň örän gyzykly hem-de ýokary derejede gurnalandygyny belläp geçen Altyn Nurmuhammedowa şeýle gürrüň berdi:

– Örän gyzykly geçen bäsleşige hödürlenen eserler biri-birinden  täsirli eken. Haçan-da eserleri okanymyzda bizi üýtgeşik duýgular gurşap alýar. Bizi begendirýän zatlaryň biri ýurdumyzyň ähli künjeklerinden eserler gelip gowuşmagydyr. Bäsleşigiň ýene-de bir aýratynlygy ol hem oňa orta we ýokary okuw mekdepleriniň ýaşlarynyň aglabasynyň gatnaşmagydyr. Şeýle döredijilik bäsleşigi ýaryşlary täze döredijilik ugurlaryna ruhlandyrýar. Şu ýerde bizi begendiren ýene-de bir zady belläp geçesim gelýär. Hormatly Prezidentimiz ”Watanyň geljegi ýaşlardyr” diýip belleýär. Ýaşlaryň döredýän ajaýyp eserlerini okanymyzda hakykatdan hem muňa göz ýetirýäris. Sözümiň ahyrynda biz “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň agzybir işgärleri hökmünde bäsleşikde ýeňiji bolanlary tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Goý, olaryň döredijilik dünýäleriniň hemişe ýeňişlerden doly bolmagyny arzuw edýäris. Adamlary ýakynlaşdyrýan, kalplarda dürli ajaýyp täsirleri oýarýan şeýle bäsleşikleriň dowamly bolmagyny isleýäris. Mundan beýläk-de şeýle döredijilik bäsleşiklerine goşant goşmagy dowam etdireris”.

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle