TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi

Ben Bernanke, Duglas Daýmond we Filip Dibwig banklar we maliýe çökgünlikleri baradaky barlaglary üçin 2022-nji ýylyň Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldular. Bu barada baýragyň resmi twitter hasabynda habar berildi.

Baýragyň web sahypasyndaky metbugat üçin beýanatda bu ýylky baýrak eýeleriniň banklaryň ykdysadyýetdäki orny, şeýle-de, maliýe çökgünlikleri baradaky düşünjäni artdyrandyklary bellenilýär. Alymlar “banklaryň çökmeginiň öňüni almagyň” möhümdigi barada giňişleýin düşünje berdiler. “Ýeňijileriň düşünjeleri çynlakaý çökgünliklerden we gymmat bahaly kömeklerden gaça durmaga ýardam berdi” diýlip, Nobel komitetinde bellediler.

Geçen ýyl ykdysadyýet boýunça Nobel baýragyna Dewid Kard, Joşua Dewid Angrist we Gwido Imbens sebäp we netije baglanyşygyny seljermekde usulyýet goşantlary üçin mynasyp boldular. Alymlar tebigatda geçirilen synaglardan sebäp we netije barada nähili netije çykaryp boljakdygyny görkezmek bilen, zähmet bazary barada täze düşünje açdylar.

1901-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Ykdysadyýet boýunça Nobel baýraklary 53 gezek gowşuryldy. Her ugur boýunça pul baýragynyň mukdary 10 million kron (takmynan, 915 müň dollar) bolar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görülýär

Teswirle