SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasynyň 2021-nji ýylyň 10-njy maýynda amala aşyrmagy göz öňünde tutýan ýörite uçar gatnawy barada beýanat çap etdi. Şol beýanat ilçihananyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi.

Alexa Rank maglumatlaryna görä, Türkmenistandan girilýän ähli saýtlaryň arasynda “Google” saýtyndan soňra ikinji, Türkmenistan bilen baglanşykly habar ýaýradýan ähli saýtlaryň arasynda bolsa 1-nji orunda durýan, www.atavatan-turkmenistan.com saýty bolup bu habary SIze ýetirýäris. Habarlary gyzgyny bilen okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp “Atavatan APP” Applikasiýasyny ýükläp alyň!

Bu beýanatda hususan-da şeýle diýilýär:

Hormatly raýatlarymyz

1. “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 10-njy maýynda sagat 17:00-da Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

2. Bu uçar gatnnawy arkaly ýurduna gitmek isleýän raýatlaryň talaplaryny “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasynyň “askabatbiletsatis@thy.com” elektron salgysyna wagtynda habar bermegi zerurdyr.

3. Bu gatnawdan peýdalanmak isleýän her bir ýolagçy üçin “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasy tarapyndan petegiň bahasy 550 ABŞ-nyň dollary möçberinde kesgitlendi. Raýatlaryň peteklerini almak üçin pasportlarynyň asyl nusgasy we kopiýalary bilen “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky petek satýan edarasyndan (Atatürk şaýoly 82, “Berkarar” söwda merkezi 1-nji gaty A7-A8, Tel:+993- 610-144-33) petegini alyp bilerler.

Şeýle hem petekleri “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasynyň şu aşakda görkezilen bank hasabyna geçirip, töleg fakturasyny “askabatmuhasebe@thy.com” elektron salgysyna ibermek arkaly hem alnyp biler.

Hasap maglumatlary:

Pul birligii: ABŞ-nyň dollary

Bankyň ady: T. VAKIFLAR BANKASI T.A.O

Şahamçanyň ady: Güneşli Kurumsal şahamçasy

SWIFT Kody: TVBATR2A

IBAN we A/C belgisi: TR200001500158048000658229

Korrespondent bank: JPMORGAN CHASE BANK

Korrespondent bankyň SWIFT Kodu: CHASUS33

Täze Oýun: Makul Sözi Tap!

4. Ýük çäklendirmesi 30 kg (şeýle hem ýanyň bilen 8 kg) bolup, bu babatda zerurlyk ýüze çykan halatynda “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynda ýüz tutup bolar.

5. Bu uçar gatnawy arkaly gitjek 6 we şondna uly ýaşly ýolagçylaryň uçaryň uçýan wagtyndan 72 sagat öň “SARS- CoV-2” koronawirus ýokanjyna garşy lukmançylyk barlagyndan geçip, onuň netijesiniň hem negatiw bolmagy zerurdyr. Bu lukmançylyk barlagynda netijesi negatiw bolmadyk ýolagçylar uçara alynmaýar.

Bu zerurlyk transit we üstaşyr ýolagçylar üçin zerur däl.

6. Şeýle hem Türkiýä barýan 6 we şondna uly ýaşly raýatlaryň uçaryň uçýan wagtyndan 72 sagat öň “register.health.gov.tr” internet salgysyndan “Türkiýä giriş forumyny” elektron tertipde doldurmagy zerurdyr.

Bu forumyň doldurylyp-doldurylmandygy, ýolagçylara degişli mobil telefonlarynda ýa-da kagyza çap edilen görnüşinde “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasynyň işgärleri tarapyndan barlanar.

bu forumy transit/üstaşyr gidýän ýolagçylar üçin doldurmak zerur däldir.

7. Şeýle hem bu gatnawdan peýdalanjak ýolagçylar Türkmenabatdan başga ýerde bolsa içekri gatnaw üçin “Türkmenhowaýollarynyň” edaralaryndan wagtynda petek satyn alynmagy gerek.

Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan “COVID-19” ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýän öňüni alyş çäreleriniň çäklerinde içerki gatnawlar üçin hem “COVID-19 negatiw” barlag netijesiniň alynmagynyň hem zerurdygy ýatladylýar.

8. Goşmaça maglumatlar üçin Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň konsullyk şahamçasyna “+993 12 94 00 27” ve “+993 12 94 00 29” ile THY-niň +993- 610-144-33 telefon belgilerinden habarlaşmak bolar.

 

Sowgatly online Krossword bäsleşigi yglan ediler

 

Ýerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde

Ýene-de okaň

Anadolynyñ lezzetli ballary

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýük awiagatnawy

Ady rowaýata öwrülen taryhy Grand bazar – ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri