SPORT

Çempionlar ligasynda hepdäniň oýunçysy: Erling Holand

Çempionlar ligasynda şu hepdede 1/8 duşuşyklarynyň birinji tapgyr jogap duşuşyklary geçirildi. UEFA gurmasy bolsa duşuşyklaryň arasynda tapawutlanan oýunçylaryň arasynda hepdäniň oýunçysy diýen adyna ses berlişik geçirdi. Ses berlişige Erling Holand(“Borussiýa Dortmund”), Keýlor Nawas(“PSŽ”), Fabinýo(“Liwerpul”) we Serjiu Oliweýra (“Porto”) ýaly oýunçylar dalaşgärlik görkezildi. UEFA guramasy Çempionlar ligasynda hepdäniň oýunçysy ses berişliginiň netijelerini yglan etdi. Şeýlelik bilen hepdäniň iň gowy oýunçysy “Borussiýa Dortmund” toparynyň hüjümçisi Erling Holand boldy. Onuň topary jogap duşuşygynda öz meýdançalarynda ispaniýanyň “Sewilýa” toparyny kabul etdiler. Şol duşuşykda hem Holand iki gol geçirmegi başardy. Duşuşyk bolsa 2:2 hasaby bilen tamamlanypdy.

***

“Mançester Siti” toparynda çykyş edýän germaniýaly ýarymgoragçy Ilkaý Gündogan fewral aýynda Angliýanyň Premýer-liga çempionatynda iň gowy futbolçysy diýlip saýlanyldy. Fewral aýynyň soňky bäş duşuşygynda Gündogan bir gezek ýardam pasyny we 4 gezek gol geçirmegi başarypdyr. Şol bir wagtyň özünde Ilkaý iki sany aýratyn üstünligi mynasyp bolupdyr. Birinjiden ol öz toparynyň yzly-yzyna iki gezek bu baýraga mynasyp bolan ilkinji futbolçysy we  ikinjiden bolsa Germaniýanyň oýunçysy bolup iki gezek çempion bolan ilkinji futbolçy bolupdyr. Çempionatda aýyň iň gowy oýunçysy adyna  Jaou Kanselu (“Mançester Siti”), Ýoakim Anderson (“Fulhem”), Hawi Barns (“Lester Siti”), Bruno Fernandeş (“Mançester Ýunaýted”), Jessi Lingard (“West Hem”), Ruben Neweş (“Wulwerhempton”), Rafinýo (“Lids”) ýaly oýunçylar dalaşgärlik edipdirler.

 

UEFA Ýewropa ligasynyň duşuşyklarynyň netijeleri

 

 

Ýene-de okaň

Harri Keýn “Altyn aýakgap” baýragyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Mourinýo “Fenerbahçe” topary bilen şertnama baglaşdy

Islam Mahaçew Dastin Porýeni ýeňip, çempionlygyny gorady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň tennis toplumy Aziýanyň tennis boýunça sebit merkezi boldy

Meşhur tälimçi Mourinýo “Fenerbahçe” tälim berer

Ronaldonyň gözýaşlary: “Al-Nasr” kuboksyz galdy

Ata Watan Eserleri