JEMGYÝET

Awtorlarymyza minnetdarlyk: oba hojalyk ýokary okuw mekdeplerine

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik topary ýurdumyzda bolup geçýän gündelik täzelikleri hem-de dünýäde dürli ugurlardaky – syýasatda, medeniýetde, sportda we beýleki ugurlardaky habardyr täzelikleri okyjylar köpçüligine gyzgyny bilen ýetirmek üçin tagalla edýär.

Şeýle hem ýurdumyzda we dünýäde sanly ulgamyň giňden durmuşa ornaşdyrylýan döwründe habardyr täzelikleriň hem-de gyzykly maglumatlaryň okyjylara çalt depginde ýetirilmegi internet neşirleriniň paýyna düşýär. Bu internet neşirleri diňe bir gyzykly habarlary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, dürli pudaklar boýunça hem hemişe peýdalanyp boljak makalalar toplumyny hem neşirimize ýerleşdirýäris.

Bu babatda ýurdumyzyň köp sanly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, beýleki ylmy ojaklaryň bilermenleriniň makalalaryny internet neşirimiziň “Sizden gelenler” bölümine ýerleşdirýäris.

Käte käbir ugurlar boýunça mugallymlara özümiz sargyt edip makalalar toplumyny ýazdyrýan pursatlarymyz hem az däl. Bu babatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlaryna we talpylaryna hem ullakan minnetdarlygymyzy bildirýäris. Bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlaryndan oba hojalygyna degişli makalalar toplumy sargyt edip ýazdyrdyk. Dürli miweli baglaryň hem-de bakja önümleriniň (ýeralma we beýlekiler) haçan ekilýändigi, nähili ideg edilýändigi baradaky makalalar biziň özümiz üçin hem peýdaly boldy. Şol makalalar okyjylar üçin hem peýdaly boljakdygyna ynanýarys, şol makalalar internet neşirinde golanma bolup galar.

Umuman, hem özümize hem-de okyjylarymyza peýdaly bolar ýaly, makalalar toplumlaryna garaşýarys. Her ýokary okuw mekdebi öz ugry boýunça makalalary bilen çykyş edip dursalar, internet giňişliginde bu ugurlarda peýdaly hem-de elýeterli gollanma gory emele geler.

Pursatdan peýdalanyp, internet saýtymyzyň Interaktiw sahypasy – “Sizden gelenler” bölümine makalaladyr habarlaryňyzy atawatanhabar@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermegiňizi haýyş edýäris.

Käbir Makalalaryň Linkleri

 

Almanyň ösdürilip ýetişdirilişi we köpeldilişi

 

Ýer almanyň ösdürilip ýetişdirilişi

Kelemiň ösdürilip ýetişdirilişi we onuñ adam saglygyna peýdaly häsiýetleri

Ýer almanyň suwaryş we ideg işleriniň geçirilişi

Erigiň ösdürilip ýetişdirilişi we onuň peýdasy

Oba hojalygynda uçarmansyz tehnologiýanyň gözegçiligi

 

 

 

Ýene-de okaň

Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Pagta ýygymçy we Pagtaçy.”. hünârleri sanawa goṣuldy

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Amerikan Merkezinde “Ylmy lageri”geçirilýär.

Ata Watan Eserleri