Oba hojalygynda uçarmansyz tehnologiýanyň gözegçiligi

Oba hojalyk önümçiliginde uçarmansyz uçarlar ekin meýdanlaryny gözegçilikde saklamak, ekinleri zyýan berijilerden goramak,  surata almak we ekin meýdanlaryň talaba laýyk düzümini kesgitlemek hem-de olary wideo görnüşe geçirmek üçin giň gerim bilen peýdalanylýar. Soňky wagtlarda bolsa şeýle uçarlaryň täze görnüşleri oba hojalyk ekinlerine ideg etmek hem-de mallary öri meýdanlarynda bakmak ýaly ugurlarda hem netijeli peýdalanylýar.

Uçarmansyz uçarlara goşmaça enjamlaryň oturdylyp, olaryň batareýalarynyň kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy netijesinde olar täze görnüşe eýe boldy.

Bu uçarlarda goşmaça suw geçirijileriň oturdylmagy oba hojalyk ekinlerini suwarylmagyna we olara suwuk görnüşdäki mineral maddalary bermäge ýardam berer.

Önümçilik işlerinde esasy üns berilmeli zatlaryň biri wagtdyr. Uçarmansyz uçarlar wagty tygşytlap, ony netijeli peýdalanmakda hem aýratyn uly ähmiýete eýe bolar.

Okap bilersiňiz  Malaýziýanyň Ykdysady işler ministri bilen duşuşyk

Mundan başga hem bu uçarlar batareýalarynyň ýokary kuwwatlygy bilen uzak aralykda uçuşy netijesinde öri meýdanlarda haýwanlaryň bakylyşynda hem peýdalanylmagy netijeli bolar. Eger-de sürüden azaşan haýwanlar bar bolsa olaryň nirede otlap ýörendigini onuň kömegi bilen görmek bolar.

Täze, ýokary kuwwatlykly bolan batareýalar oturdylan bu uçar, daýhanlaryň goşmaça serişde almaklaryny aradan aýyrar.

“Uçarmansyz uçarlar önümçilik harajatlaryny birnäçe esse azaldar” diýip, hünärmenler çaklaýarlar.

 

Orazgeldi Ezizgeldiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby.

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan ýörite uçar gatnawy