Almanyň ösdürilip ýetişdirilişi we köpeldilişi

Ýakynda saýtymyza ýerleşdirilen Erigiň ösdürilip ýetişdirilişi we onuň peýdasy atly makalasyna bolan gyzyklanmany hasaba alyp Size S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Hojamberdiýew Amangeldiniň Almanyň ösdürilip ýetişdirilişi we köpeldilişi atly makalasyny ýetirýäris.

Köpýyllyk miwe berýän agaçlaryň biri hem alma agajydyr. Onuň irki, aralyk we giçki sortlary bar  ýurdymyzda  almanyň örän gowy görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Almanyň ýaşajyk, ýaşaýyşa ukyply hem-de ýokary hasyl berýän görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin, ilki bilen onuň tohumy taýýarlanylýar. Tohum enelik-tohum ýygnalýar we ol şineledilýär (stratifikasiýa). Şineledilende 1-1,5 metr, ini 2-2,5 metr bolan çukurda çäge bilen 1:1 bolan gatnaşygynda garylan tohumlar çukurda üsti gum bilen gömülip, 1,5-3 aý saklanylýar. Almanyň tohumlary amatly ýylylyk we çyglylykda şineläp, ösüşe taýýar bolýarlar. Tohumlary hil görkezijileri boýunça toparlara bölýärler.

Soňra gömülen tohumlardan ýabany ösümlikler ösüp ýetişýärler. Ösüp ýetişen birýyllyk nahallarda sapmak işleri geçirilýär. Medeni birýyllyk ýerüsti bölegi bolan alma nahallary ir ýazdan giç güýze çenli suw tutulyp, iýmitlendirilip, timarlanyp we hatarara bejergi işleri geçirilip, ösdürilip ýetişdirilýär. Agaç nahallaryň ýapraklary doly dökülip gutarandan soň, topraga yzgar suwy tutulýar.

Ýabany alma nahallaryny sapmak arkaly medeni görnüşine geçirilenden soň olary toprakdan goparyp almak üçin suw tutulýar we ýerler taba gelenden soň 40-60 sm çuňlukda nahallar goparylýar. Goparylan nahallar sortlanylýar, kökleriniň we ýerüsti böleleriniň ösüş aýratynlyklaryna görä 3 topara bölünýär. Birinji we ikinji sorta degişli nahallaryň 3-4 sany gapdal şahalary bolup, boýy 1,20-1,40 sm bolmaly.

Alma nahallaryny çyzgyt boýunça oturtmak örän ähmiýetli bolup, olara wagtly-wagtyna tehnika bilen bejergi işlerini geçirmek üçin örän amatly, kada görä oturtmalydyr. Onuň pes boýly görnüşleri 6m x 3m, orta boýly görnüşleri 6m x 4m we ösgün boýly görnüşleri 7m x 5m edilip oturdylýar.

Boýy ýeten alma düýpleri baharda güle durýarlar we miwe berip başlaýarlar. Gülleride tozanlaýyş mör-möjekler we şemal arkaly bolup geçýär. Miwe berýän baglaryň güllerinde tozanlaýyş hadysasy geçmegine esasan bal ýygnaýan balarylaryň ähmiýeti uludyr. Olar güldäki toplanan şiräni sorup alýarlar we şol bir wagtyň özünde bolsa tozan dänejiklerini hem alyp gidýärler. Başga bir güle gonanlarynda bolsa balarylaryň aýaklaryndaky tozan dänejikleri gülde galýar. Şeýlelikde, tozanlaýyş hadysasy bolup geçýär.

Okap bilersiňiz  Ilatyň iş bilen üpjünçiligi haýsy edaralar tarapyndan düzgünleşdirilýär?

Almanyň hasyl berýän döwri 40-50 ýyla ýetýär. Alma agajy köplenç üstünden birnäçe ýyl geçen şahalarda, şol şahalardan aýrylýan hasylly pudaklarda, käte bolsa agajyň birýyllyk çybyklarynda-da miwe getirýär.

Alma agajy beýleki köpýyllyk agaçlarda bolşy ýaşyl öwsüp oturan wagty biziň dem alýan howamyzyň kislorod düzümini has-da baýlaşdyrýar, kömürturşy gazyny sorup alýar. Bu hadysa fotosintez hadysasy (ýagtylykda organiki däl maddadan organiki maddanyň emele gelmegi) diýilýär.

Alma miwesi adamyň ýaşaýyş-durmuşynda örän uly ähmiýeti bardyr. Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar. Onuň düzüminde organiki turşulyklar (alma we limon), şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, kletçatka, pektin maddalar, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar.

Onuň saglyga peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde, ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygyny anyklady.

Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni alýar. Iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Gandaky şeker mukdarynyň deňagramly bolmagy, süňklerimiziň berkligi üçin günde bir alma iýmek maslahat berilýär. Ýatmazdan öň alma iýmeklik hem rahat uklamak üçin ähmiýeti uludyr.

Dünýäniň birnäçe döwletlerinde almanyň adam bedenine peýdaly täsirlerini geçiren ylmy-barlaglaryň üsti bilen hem subut edýärler. Hytaý lukmançylygynyň taryhynda alma beden gyzgynlygyny düşüriji hökmünde giňden ulanylypdyr. Bu miwäniň düzümindäki käbir himiki birleşmäniň ynsan bedenindäki içegeleriň işjeňligini artdyrýandygy we onuň düzümindäki zyýanly bakteriýalary ýok edýändigi mälim edildi.

Şeýle hem almanyň düzümindäki kuersetin maddasy dodagymyzda gaýnan uçugy ýok etmäge ukyply. Kuersetin maddasy almanyň gabygynyň aşagynda bolany üçin ony daşy bilen iýmeklik masalahat berilýär.

Bir almanyň ýokumlylygy (180 gr):


* kuwwatlyk gymmaty 95 kkal.
* 19 gram şeker.
* 159 gram suw.
* 0,5 gram belok.
* A witamini.
* 8,4 mg C witamini.
* 0,3 mg E witamini.
* 4,0 mg K witamini.
* 0,1 mg B6 witamini.
* 10,9 mg kalsiý.
* 0,2 mg demir.
* 9,1 mg magniý.
* 20 mg fosfor.
* 195 mg kaliý.

Şeýle witaminlere baý bolan alma agajynyñ ekiş döwrini duşyñyzdan geçirmãñ!.

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Hojamberdiýew Amangeldi