Erigiň ösdürilip ýetişdirilişi we onuň peýdasy

Erik azyklyk hem-de dermanlyk ähmiýeti bolan köpýyllyk miwe berýän agaçlaryň biridir. Biz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň köp sanly okyjylarynyň islegini hasaba alyp, agaç ekiş möwsüminiň başlaýan şu günlerinde Size S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Bekgylyç Agaýewyň Erigiň ösdürilip ýetişdirilişi we onuň peýdasy baradaky makalasyny ýetirýäris. Iň gysga wagtda ýurdumyzyda öý hojalyklarynda hem giňden ösdürilip ýetişdirilýän alma, nar, armyt, üzüm we beýleki miweli agaçlar baradaky şeýle makalalary Size ýetireris.

Erigiň irki, aralyk we giçki ýetişýän sortlary bardyr hem-de onuň 20-ä golaý görnüşi bar. Erik esasan şänigi arkaly köpeldilýän köpýyllyk miwe berýän agaçdyr.

Erigiň düýbi tutulanda, onuň nahallaryny kadaly çyzgyt boýunça oturtmagyň ähmiýeti örän uludyr. Erik oturdylanda, onuň hatararalary tehnika bilen bejergi geçirmek üçin amatly bolmalydyr. Erigiň nahallarynyň hatararasy 6 metr, setirarasy bolsa 5 metr edilip ýerleşdirilýär. 1 gektara bolsa 333 düýp nahal oturdylýar.

Nahallar güýzde oturdylanda, onuň düýbi kök boýnunyň 3-4 sm ýokary ýanyndan, ýazda oturdylanda bolsa, 2-3 sm ýokary ýanyndan topraga gömülmelidir. Şeýle hem şemalda yranmaz ýaly beýikligi 50-60 sm-den pes bolmadyk gazyklar kakylyp, olara nahallar ýüp bilen daňylýar. Bu işi geçirmek nahalyň kadaly düýp tutmagy üçin zerurdyr.

Nahalhana hojalyklarynda erigiň täze sortlaryny sapmak usuly arkaly ýetişdirilýär. Bu usul has netijeli hasaplanylýar.

Pyntyk arkaly sapma usulynda köpeldilende işler şu ýagdaýda alnyp barylýar:

  1. Ilki bilen pyntyk alynjak agaç hem-de şol pyntygy oturdyljak nahal özüniň talap edişi ýaly suwarylmaly. Bu işiň geçirilmegi bolsa pyntygy aňsatlyk bilen almaga we pyntygy goýuljak nahalyň gabygyny “T” görnüşde edip aňsatlyk bilen açmaga ýardam berýär;
  2. Şekerli suw taýýarlanylýar we alnan pyntyk biraz wagtlap şol suwa batyrylyp goýulýar. Bu bolsa belli bir wagtyň dowamynda pyntyga iýmit (glýukoza) bolup hyzmat edýär.
  3. Soňra pyntyk şekerli suwdan çykarylyp “T” görnüşiň içinde oturdylýar we onuň daşy rezin ýa-da polietilen plýonkasy bilen berk daňylýar.

Sapma işi ýaş nahalyň demirgazyk böleginde geçirilýär. Munuň sebäbi bolsa ol ýere günüň şöhlesi gytagyrak düşmegi bilen sapylan pyntygy guratmazly üçindir.

Okap bilersiňiz  19 ýyldan soň çempion boldy

Kadaly ýagdaýda pyntyk 15-18 günüň dowamynda sapylan agaja birikýär. Şonuň üçin hem sargyny 18-20 günden barlamaly we sapma netije beren bolsa onuň daňysyny gowşatmaly. Egerde barlagyň netijesinde sapma işi netije bermese onda gaýtadan sapma işi geçirilýär. Muňa gaýtadan sapma diýilýär.

Erigiň miwesi maý aýynyň ahyrlarynda we tomusda bişip ýetişýär. Ylmy edebiýatlarda erigiň miwesiniň datly tagamy we onuň dermanlyk häsiýetiniň bardygy baradaky maglumatlara duşmak bolýar. Ol gadymy zamanlardan bäri ösdürilip ýetişdirilýär we häzirki wagtda onuň önümçiligi has-da giňeldilýär. Häzirki wagtda dünýäde Türkiýe, Özbegistan, Eýran, Alžir, Italiýa we Päkistan ýaly ýurtlar erigi ösdürip ýetişdirmekde öňdebaryjy ýurtlar hasaplanylýar.

Her ýylda dünýä boýunça 3 897 792 tonna erik öndürilýär. Türkiýe döwleti dünýäde erigiň miwesini ösdürip ýetişdirmek boýunça öňdebaryjy ýurt hasaplanylýar we bu ýerde her ýylda 730 000 tonna erik öndürilýär. Özbegistan döwleti bolsa erigi ösdürip ýetişdirmek boýunça Türkiýe döwletinden soň dünýäde ikinji orunda durýar we her ýylda bu ýerde 662 123 tonna ösdürilip ýetişdirilýär.

Erigiň beýleki miwelerden tapawutly, peýdaly taraplary bardyr. Erigiň miwesinde 10 göterim şeker, şeýle hem limon, alma salisil kislotasy bar. Bulardan başga-da, onuň düzüminde P,  PP we C witaminleri, karotin has köpdür. Erigiň miwesiniň ter görnüşinde kaliý maddasy saklanýar we ol ýürek-damar kesellerine peýdaly hasaplanylýar. Ol kaliýden başga-da, fosfora we magniý maddalaryna baýdyr. Bu mineral maddalar beýniniň gan damarlaryna peýdaly täsir edip, onuň çatl işlemegine ýardam berýär.

Erigiň miwesindäki şire bolsa, bedenden toksini (mikroorganizmlerden döreýän zyýanly maddalary) we holestrini çykarmaga kömek edýär. Çagalara şeýle hem uly ýaşly adamlara erik iýmeklik maslahat berilýär. Çünki ol nerw ulgamynyň işjeňligini has-da artdyrýar we ýadawlygy aýyrýar. Onuň miwesiniň yzygiderli iýilmegi bedeniň juwanlaşmagyna we gözüň görejiniň ýitileşmegine getirýär. Erigiň ter miwesinden mürepbe we onuň kişdesinden şireli suwlar taýýarlanylýar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Bekgylyç Agaýew

Siz saýtymyza goýulan habarlardan dessine habarly bolmak isleýän bolsaňyz, onda biziň Android ulgamynda hereket edýän applikasiýamyzy-Atavatan Türkmenistan Applikasiýasyny  telefonyňyza Google Plaý dükanyndan şu ýere basyp ýükläp alyň!