BILIM

Türkmen talyplaryna Italiýada okamak mümkinçiligi

Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow bilen Italiýanyň uniwersitetler we barlaglar ministri Kristina Messa bilen duşuşygy boldy. Bu barada “Trend” habarlar gullugy habar berýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniziň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi babatda pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň çäklerinde bilelikdäki tejribeleriň paýlaşylmagy, türkmen talyplarynyň Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlarda bilim almaklary, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde italýan dilini öwrenýän türkmen talyplarynyň Italiýa tejribe geçmegi we bilimleri ýokarlandyrmagy üçin çagyrylmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Italiýada okuw: Resminamalar üçin nirä ýüz tutmaly?

Related posts

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty: Talyp: 2021

vepa

Türkmenistanda STEM biliminiň ösdürilmegine üns berler

Ata Watan Eserleri

FLEX maksatnamasy üçin bildiriş