SIZDEN GELENLER

Türkmen Bitaraplygynyň şanly XXV ýyllygyna görülýän taýýarlyklar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda 2020-nji  “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda şanly Bitaraplygymyzyň XXV ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Şu şanly sene mynasybetli üstümizdäki ýylyň dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahaty geçiriler. Ýurdumyzda ýaýbaňlanjak şeýle ýokary derejedäki çäreleri guramaçylykly geçirmekde meýletinçi talyp ýaşlaryň hem orny uludyr. Şu maksat bilen hem türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda meýletinçilik okuwlary yzygiderli geçirilýär. Meýletinçilik okuwlaryna ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara gatnaşyklary institutynyň, Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň,  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň  şeýle-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň iň göreldeli talyplary saýlanyp alyndy. Dowam edýän sapaklarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary talyp ýaşlaryň öňünde türkmen diplomatiýasynyň uly üstünligi hasaplanylýan Bitaraplyk derejämiziň taryhy kökleri, onuň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýeti dogrusynda çykyş edýärler. Şanly Bitaraplygymyzyň XXV ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek uly göwrümli çärelere meýletinçi hökmünde gatnaşmagymyz biz talyplary buýsandyrýar we jogapkärçiligimizi has-da artdyrýar. Şeýle okuw sapaklarynda professor-mugallymlarymyzyň berýän düşündirişleri biziň geljekki meýletinçilik işimize uly goşant goşar.

 

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

 

Ýene-de okaň

Rus şahyry Puşkiniň we Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy

Rus dilini öwrenmegiň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

Ata Watan Eserleri

Köňüllerde orun alan beýik akyldar

12-nji iýun — Ylymlar güni

Magtymguly Pyragynyň milli mirasyna belent sarpa