SIZDEN GELENLER

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Eziz Diýarymyzyň beýik ösüşleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzy dünýä meşhur edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalardyr ýaşaýyş jaýlary ykdysady ösüşiň oňyn görkezijisidir. Şeýle ösüşler, aýdyň maksatlar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda raýatyň bagtyýar durmuşy, halkyň abadançylygy baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bähbitli beýik işler amala aşyrylýar, durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda belent binalaryň, desgalaryň gurulmagy durnukly ösüşi, beýik şu güni we röwşen geljegi aýdyň beýan edýär. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi, Ahal welaýatynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň netijesidir.

Döwletimiziň ähli pudaklarynyň üstünlikli ösdürilmegi halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen düýpli gurluşyklaryň, şonuň bilen bir hatarda ýurtda daşary söwdanyň, döwletara ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary aýdyň beýan edilýär, möhüm maksatlar öňde goýulýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde aýratyn orun eýeleýän nebitgaz pudagynda hem görnetin ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini we onuň halkara energoulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny ugur edinýär. Ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem uly orun eýeleýär. Türkmenistan nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýe bolup, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, energiýa çeşmeleriniň ugradylýan çäklerini giňeltmäge çalyşýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biz nebitgaz senagatyny hem-de tebigy gazyň dünýä bazaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça uly işleri amala aşyrýarys. Döwlet energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod kuwwaty türkmenistanlylaryň we dünýäniň beýleki halklarynyň bähbidine gönükdirilýär. Bu ugurda görülýän çäreler oňyn netijesini hem berýär.

Türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşarky bazarlara ibermek ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde, “Galkynyş” gaz käninde senagat ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy bilen, ýurdumyzda ägirt uly ýerasty uglewodorod gorlarynyň bardygy ýüze çykaryldy.  “Galkynyş” gaz känini senagat möçberinde özleşdirmek pudagyň gaz binýadyny artdyrmak bilen bagly bolan giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň biridir. Çeşmesi “Galkynyş” gaz käni bolan, “Asyryň taslamasy” diýlip atlandyrylan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi Milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda açylyp ulanmaga berlipdi. Şol sene hem nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak senä öwrüldi. Çünki şol günden bäri her ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärleriniň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen geçiren umumy sapagynda: «Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy çeşmesi bolup durýar. Türkmenistan tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edýän ýurtdur. Asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir» diýip belledi. Hakykatdan-da, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky anyk ädim bolup, milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň täze ulgamlaryny döretmek üçin ygtybarly gural bolup hyzmat eder.

Gaz senagatynda täze taslamalary amala aşyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi ugur edinýän wezipeleriň çözülmegi daşary ýurtlarda uly islege eýe bolan önümleriň öndürilýän görnüşlerini we möçberini artdyrmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen, uglewodorod çig malynyň düýpli gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilen önümçilikleriň kuwwaty tapgyrma-tapgyr artdyrylýar.

Jahan Ataýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz