SIZDEN GELENLER

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Bagtyýar zamanada ruhubelent, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli, watansöýüji ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň biridir. Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda watansöýüjilik, ýokary ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär.

Pederlerimizden nesilden-nesle geçip gelýän asylly ýol-ýörelgeler ajaýyp döwrümizde berk berjaý edilýär. Belent adamkärçilikli, ýokary ahlakly, aň-düşünje babatda kämil, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi edep-terbiýeli, ylym-bilimli, giň gözýetimli nesiller ähli ugurlardaky oňyn özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup, ata Watanymyzyň nurly geljegidir. Ýurdumyzda döwrebap bilim berlişiniň ata-babalarymyzdan miras bolup gelýän edep-terbiýe bilen utgaşdyrylýandygyny hem bellemelidiris. Munuň özi giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly, ylym-bilimli ýaş nesliň kemala gelmegine şert döredýär.

XXI asyrda adamzadyň durmuşyna informatika, kompýuterler we kompýuter tehnologiýalary, Internet we Internet tehnologiýalary eriş-argaç bolup aralaşdy. XX asyryň ikinji ýarymynda döredilen kompýuterler ähli ynsanlar üçin ýeke bir iş guraly bolman eýsem medenýetli, ösýän jemgyýetiň ýaşaýyş derejesine öwrüldi. Informasiýa, informatika, kommunikasiýa aragatnaşyk serişdeleri ýer togalagyndaky her bir ynsanyň durmuşynda, ýaşaýyşynyň derejesinde uly ähmiýete eýe boldy. Ynsan maglumatlary, informasiýalary toplamak, olardan belli bir netije çykarmak işi bilen medenýetli ýaşaýşynyň bütün dowamynda iş salyşyp geldi. Bu işe kompýuterleriň giňden ulanylyp başlanmagy, adamlaryň ýaşaýşynda çözgüdi kabul etmegiň çaltlanmagyna, netijede social-ykdysady durmuşyň düýpden ýokarlanmagyna,
tehnikanyň we tehnologiýalaryň kämilleşmegine alyp geldi.

Matematika durmuşymyzyň islendik ugrunda hasaplamalary amala aşyrmaga, ölçemäge mümkinçilik berýär. Her bir işiň talabalaýyk bolmagynda matematika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň matematika babatynda düşünjeli, bilimli bolmagy döwrüň talabydyr.

Orta mekdebiň we tehniki hünärler boýunça ýörite hünär we ýokary mekdepleriň umumy maksatnamasynda matematika dersi hemişe esasy orunda durýar. Matematika dersi dünýäniň ähli ýurtlarynda mekdep meýilnamasynda hökman öwredilýär.

Munuň sebäbi diňe bir sanlar we hasap bilen baglanşykly ukyp başarnyklary ösdürmek däl, eýsem adam beýniniň öýjüklerini hereketlendirip beýleki ukyplara-da ýardam berýär.

Matematika bilen gyzyklanýanlaryň özüne ynamy, söwda-senagat başarnygy, hat-da sportda hem ukyby kemala getirmäge uly ýardamy bar. Işleri tertibe salmak, guramaçylyk hereket etmek, hat-da jemgyýetçilik işlerinde adalatly bolmagy ýola goýmak ýaly ukyplary gazanýar. Kyn meseleleri çalasynlyk bilen alyp çykmagy hem başarýar.

Durmuşda, häzir matematikany okaýan ýa-da ony ulanýan adamlarda matematikanyň başlangyç düşünjeleriniň esasynda matematiki endikleri döretmegiň zerurlygy örboýuna galdy. Matematika pikirlenmäniň we endikleriň başlangyç matematika, ýagny arifmetika sapagynda başlanýandygy bellidir.

Başlangyç synp mugallymynyň matematiki taýýarlygy «Köplükler we olaryň üstünde amallar» diýen bölümden başlanýar. Şeýle-de, köplükleriň berliş usullaryna, olaryň üstünde geçirilýän amallara, häsiýetlerine aýratyn üns berilýär.

Başlangyç synplarda matematika sapagy guralanda mugallym okuwçylaryň hasaplama, kabul etme, pikirlenme başarnyklaryna üns bermelidir. Mekdepde öwredilýän dersleriň köpugurly bolşy ýaly, çagalaryň hem isleg-höwesleri dürli-dürli bolýar. Matematika dersiniň ähli dersler bilen baglanyşyklydygyny göz öňünde tutsak, onda okuwçylaryň matematiki düşünjelerini, maglumatlaryny artdyrmagyň wajyplygy ýüze çykýar.

Başlangyç synpda matematikadan «Sanlar» diýen tema geçilende, multimedia tagtasyndan, okatmagyň döwrebap usullaryndan, öwrediji oýunlardan peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şu temanyň dowamynda okuwçylara «Okuwçylar we sanlar» diýen döredijilikli oýny oýnatmak oňat netijeleri berýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ösüş-özgertmeler, gurulýan döwrebap desgalar, ylmyň hem tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalar ýaş nesle berilýän bilimiň, orta mekdeplerde okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi zerur şert hökmünde öňe çykarýar. Bilim ulgamy döwür bilen aýakdaş gadam urup, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan gowy baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmeklerine mynasyp goşant goşmalydyr.

Ýurdumyzyň bilim, ylym syýasatynyň barha kämilleşýändigine şaýatlyk edýän maksatnamalaryň we olary amala aşyrmak boýunça meýilnamalaryň kabul edilmegi ösüşleriň ylmy esasda, sazlaşykly, tehnologik öňegidişliklere laýyklykda ösüşlere taýýarlykly bolmagyň üpjün edilmegini şertlendirýär.

XX asyryň ikinji ýarymyndan başlap informasiýa obýektler hökmünde kompýuter torlary informasiýa tehnologiýasynyň esasyna öwrüldi. Kompýuter torlaryň birleşmelerinde edara-kärhanalary dolandyrmak, ilata gerek bolan gündelik anyklama maglumatlary ýerleşdirilen, olardaky informasiýalar kanuny esasda ynsanlara elýeter edilendir.
XX asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap ýer togalagynda global kompýuter tory döredildi hem-de onda adamzadyň medenýetli ýaşaýyşynda döredilen informasiýalar, şol sanda dokumentler, kitaplar, makalalar, gazetler we beýleki ynsanyň durmuşyna degişli informasiýalar ýerleşdirildi hem-de gündelik ýerleşdirmek dowam etdirilýär. Häzirki wagtda dürli dillerde Internetde ýerleşdirilen informasiýalaryň sany 5 milliardan hem köp hasap edilýär. Internete elýeter bolan ynsanlar ol informasiýalardan peýdalanyp bilerler.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we kämilleşdirmek, onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly tehnologiýalardan baş çykarýan döwrebap nesliň kemala gelmegi ugrunda aýratyn tagallalar edilýär.

Sanly tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almagyna, hünär taýýarlygyny, tejribelerini kämil derejede ösdürmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak wezipesi talyplaryň sanly ulgam babatdaky sowatlylygyny gazanmak bilen aýrylmaz baglydyr.

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda halkara ylmy-tehniki we tehnologik hyzmatdaşlyga hem giň ýol açylýar. Türkmenistanyň ylmy edaralary tarapyndan daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralary, halkara ylmy merkezleri bilen erkin we deňhukukly gatnaşyklar ýola goýulýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde edýän uly tagallalary üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Gülşat Berdiýewa we Zylaýha Orazowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary. 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz