SIZDEN GELENLER

Öý şertlerinde limonyň ösdürilip ýetişdirilişi we onuň ähmiýeti

Häzirki wagtda köp gatly öýlerde (olaryň balkonlarynda) bezeg görnüşli ösümlikleri ösdürip ýetişdirmeklik uly meşhurlyga eýe bolýar we adamlar ol ýerde dürli miweleri we gök önümleri höwes bilen ösdürip ýetişdirýärler. Şeýle ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň biri hem limondyr.

Öý şertlerinde limonyň ösdürilip ýetişdirilmegi otaga aýratyn bir öwüşgin çaýýar, onuň  gülüniň hoşboý ysy ynsanyň ruhuny galkyndyrýar.

Ýörite niýetlenen küýzelerde limon agajyny ösdürip ýetişdirmegiň birnäçe usullary bardyr. Olaryň birinjisi, limonyň şahasy arkaly ösdürip ýetişdirmek usulydyr. Bu usul, amatly şertlerde limon agajyndan onuň şahajygyny kesip almak we oturtmak hem-de kökletmek arkaly alnan nahal ösdürilip ýetişdirilýär. Bu usul käbir hünär kömegini talap edip biler.

Limon agajyny ösdürip ýetişdirmegiň ikinji bir usuly bolsa, onuň tohumyndan limony ösdürip ýetişdirmekdir. Bu usul bilen limona tehniki hyzmat etmek has aňsatdyr we ondan ortaça 4 ýylda limon hasylyny alyp bolýar.

Limonyň “Meýer” diýilýän  görnüşi küýzelerde ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr.

“Meýer” limonlarynyň gülleri gaty ýakymly ysy bolýar. Onuň boýunyň ortaça uzynlygy 90 sm-e çenli ýetýär.

Limonyň  gülüniň, onuň agajynyň we miwesiniň ösmegi üçin zerur şertler gerekdir. Tohumyndan ösdürilip ýetişdirilende oňa gerek bolan şertleriň biri gowy hilli toprakdyr. Organiki maddalara baý bolan topragy alyp, ony küýzä ýerleşdirmeli. Tohumyň kadaly ýagdaýda ösmegi üçin küýzäniň saýlanyp alynmagy hem möhümdir. Birinji basgançakda ulanyljak küýzäniň diametri takmynan 8-10 sm bolmaly. Tohumlar gögerip ýetişenden soň ol has uly küýzelere ýerleşdirilýär.

Küýzelerde tohumy ösdürip ýetişdirmek üçin ilki bilen ter görnüşdäki limon miwesini almaly we ony dört bölege bölmeli. Onuň içindäki tohumlary alyp iki bölek çygly matanyň arasyna salyp aýna gapda, ýyly ýerde goýmaly we olaryň gögerşine syn etmeli. Tohumlaryň saklanýan ýeri gereginden artykmaç yssy ýa-da çygly bolmagy tohumlaryň çüýremegine sebäp bolup biler.

Limon tohumyny gögerenden (şineländen) soň, ony organiki maddalara baý bolan toprak bilen doldurylan gaba ýerleşdirmeli, ýöne ony çuň edip gömmeli däldir. Ilki başda tohumlar ýerleşdirilende metal gaplar has amatly bolýar we şeýle gaplardan zerur bolan demiri almak bilen toprak has-da baýlaşýar.

Limonyň ýeke özüniň ösdürilip ýetişdirilmegi onuň miwesiniň pes bolmagyna getirer. Şonuň üçin hem bir wagtyň özünde birnäçe limon tohumyny ösdürip ýetişdirmek peýdaly bolar.

Limona berilýän suwuň hem onuň ýaşaýşynda aýratyn uly orny bardyr. Limon suwa örän köp isleg bildirýän ösümlikdir. Ýöne gereginden artykmaç ýa-da az suwarmak limon ösümliginiň ösmegine päsgel berer.

Limon agajyna ideg etmek aňsat we köp ünsi hem-de aladany talap edýär. Onuň ýagtylyga we çyglylyga bolan talaby hem ýokarydyr, ýöne gereginden artyk suwuň berilmegi oňa ýaramaz täsir eder. Küýzäniň düýbünde deşik bolmaly we düýbünde suw ýygnanmaly däldir.

Limony howaly, güne garşy we ýagtylandyrylan ýerde goýmak netijeli bolar. Gyş aýlarynda küýzäniň ýerleşýän otagyny şemallandyryp durmaly we otagyň temperaturasynyň gaty ýokary ýa-da pes däldigine göz ýetirmeli.

Aýratyn bir bellemeli zatlaryň biri bolsa, bahar paslynda limon agaçlarynyň güllän wagty ony balkonda ýa-da açyk ýerde goýmaly. Munuň sebäbi, bolsa ýazda limonyň güllemegi we güllerde tozanlanma hadysasynyň netijeli geçmegi hem-de gülüň miwä öwrülmegi üçin tozan zerur gerek bolup durýar. Şonuň üçin bu tozanlandyrma açyk meýdanda arylar tarapyndan üpjün ediler ýaly mümkinçilikleri döretmeli. Şeýle edilende olardan gowy hasyl alyp bolýar.

 Bekgylyç Agaýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Android ulgamynda işleýän Atavatan Applikasyýasynyň linki

Android ulgamda işleýän Makul Sözlük Applikasiýasynyň linki

Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserden” Makul Sözlük goşundysynyň linki 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr