SIZDEN GELENLER

Oba hojalygynda gyzgalaňly möwsüm – bugdaý ekişine girişildi

Eziz Watanymyzyň mukaddes topragynyň asty hem hazyna, üsti hem. Biziň şol hazynanyň gymmatyna düşünip, ondan «altyn» öndürmegi başarýan zähmetsöýer halkymyz bar. Ene topraga maňlaý derini siňdirip, asylly zähmet çekýän gujurly daýhanlarymyzy goldamak hem-de oba hojalyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek barada döwlet derejesinde alnyp barylýan işler çäksizdir. Ýylyň häzirki möwsümi hem oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin örän jogapkärli möwsümdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Watanymyzyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga saldamly goşandyny goşýan ýurdumyzyň edermen gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine taýýarlykly geldiler.

Hormatly Prezidentimiziň daýhanlar hakda edýän aladalaryndan, hemaýat-goldawlaryndan göwni galkynan oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleri topragy möwsüme irki möhletde taýýarlamagy gazandylar, şeýle-de ekiji tehnikalaryň guratlygyna aýratyn ähmiýet berdiler. Bugdaýyň ýerli toprak-howa şertlerinde bol hasyl berýän «Miras», «Kalym», «Alekseiç», «Batko», «Bezostaýa-100», «Ýuka», «Bagrat», «Sähraýy», «Irişka», «Berkarar», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk» ýaly görnüşleriniň ýeterlik mukdardaky tohumy taýýarlandy.

Ahal welaýatynyň babadaýhanlary  «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şanly ýylda 195 müň gektarda ekiş geçirmegi hem-de şol ýerden 400 müň tonna guşgursak ak bugdaýy ýetişdirmegi maksat edinýar. Balkan welaýatynda 50 müň gektara azyklyk bugdaý tohumy ekilip, ondan geljek ýylyň orak möwsüminde azyndan 80 müň tonna guşgursak däne hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Demirgazyk welaýatyň gallaçy babadaýhanlary 145 müň gektar meýdanda ekiş geçirip, 265 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Şu ýyl Jeýhun ýakasyndaky sebitde bugdaý ekmek üçin 130 müň gektar meýdan bölünip berildi. Welaýatda indiki ýylyň orak möwsüminde 310 müň tonna guşgursak bugdaý hasylynyň ýygnalynmagyna garaşylýar. Murgap jülgesiniň ekerançylary şu möwsümde ak ekini 170 müň gektarda ekmegi meýilleşdirýärler.

Oba hojalygyny depginli ösdürmek ýurdumyzyň içeri syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol syýasat döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda wezipeleri çözmäge ýardam bermäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Halkymyzyň azyk howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, oba hojalyk we obasenagat toplumlaryny ösdürmek babatda hemmetaraplaýyn tagallalary üçin hormatly Prezidentimize jemgyýetimiziň her bir wekiliniň, şol sanda edermen daýhanlarymyzyň hoşallyklary, ýürek buýsançlary we alkyşlary çäksizdir.

Röwşen Döwranow, TOHU-nyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr