SIZDEN GELENLER

Kitaby bähbitsiz okamak endikleri

1.Daşyňdan okamak.

Kitaby bähbitsiz okamak iň erbet endikdir. Käbir okyjylar okaýan zatlaryna düşünmek üçin eşidiş organyndan kömek almalydyr öýdýärler. Şeýle ýagdaýda göz öňe gidýärkä, ses hamala olaryň yzyndan ylgap barýan ýaly bolýar. Şeýle ýagdaýda many hem çylşyrymlaşýar. Käte endik başlangyç synplardaky sesli okamakdan galyp bilýär. Bu çylşyrymly we çuň manyly kitaplara duşan okyjylar hem kitabyň manysyna düşünmek üçin sesli okap başlaýarlar. Ýöne, bu endigiň okan zadyňa düşünmegi kynlaşdyrýandygy barada weli oýlanýan az.

  1. Setirleri barmak ýa-da galam ujy bilen yzarlap okamak.

Iň peýdasyz endikleriň biri hem okalýan setirleri bir zat bilen yzarlamakdyr. Bu gözüň hereketini çäklendirýär. Bähbitli okamakda bolsa,iň esasy zat gözüň ýetýän ýerinden doly peýdalanmakdyr we sözleri bölek-bölek okamakdyr. Şeýle etmek bilen adamlar gözüň bir wagty özünde görüp herekete geçirmek ýaly iň oňat aýratynlygyndan peýdalanýarlar.

3.Yza dönmek.

“Okan her bir sözlemiňi ýatdan çykarmaly däl” diýen düşünje okyjyny ýygy-ýygydan yza gidip, öňki okan ýerini täzeden okamagyna we artykmaç wagt ýitirmegine sebäp bolýar. Çylşyrymly bölümleri täzeden okamak onçakly erbet endik bolmasa-da, bu ýagdaýyň köp gaýtalanmagy okamagyň gyzygyny gaçyrýar.

4.Hemme eserleri şol bir çaltlykda (tizlikde) okamak.

Eserleriň çylşyrymlylygyna, ähmiýetine görä tizligi sazlamak oňat endikli okyjynyň aýratynlygydyr. Köp adamlar ýönekeýje zatlary hem şol bir öwrenişen tizliginde okamagy dowam edýärler. Şeýle ýagdaýdan dessine dynmak artykmaç wagt sarp etmegiň öňüni alýar.

5.Yzygiderli okamazlyk.

Diňe okamaga mejbur bolýan wagtlarymyzda, ýagny synaglara taýýarlanmak üçin ýa-da bir zady düşündirmek üçin däl-de, eýsem hemişe okamalydyrys. Galyberse-de okamak gün tertibimizde belli bir orun almaly. Eger-de durmuşda yza galak bolasymyz gelýän bolsa, ýa-da bilýän gowy zatlarymyzy ýakynlarymyza aýdyp bermek islemeýän bolsak,onda kän bir okap ýörmesegem bolar. Eger-de ýaňky aýdylanlaryň tersini isleýän bolsak,onda yzygiderli okamakdan başga çykalga ýok.

Laçyn HOJAÝEWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr