SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýly kompaniýalaryň sanjym taýýarlygy

Hytaýyň “Sinovac” bilen “Sinopharm” kompaniýalary koronawirus ýokanjyna garşy sanjym öndürmek bilen baglanyşykly taýýarlyklaryny tamamlady. Ygtyýarlylyar Hytaýyň şu ýylyň ahyryna çenli 610 million, geljek ýyl bolsa 1 milliard doza sanjym öndürmek mümkinçiligine eýedigini belleýärler.

Täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň ilkinji anyklanan ýurdy bolan Hytaýyň işläp düzen sanjymlary üçin ahyrky tassyklamak işlerini geçirmek hem-de olary paýlamaga başlamak üçin garaşylýar. Hytaýyň Daşary işler ministrligi bu barada beren beýanatynda, sanjym taýýarlaýan kompaniýalaryň ahyrky synaglaryny tamamlamak üçin işlerini çaltlandyrandygy bellenildi.

1 milliard 400 müň ilaty bolan Hytaýda şu aýyň içinde serhetýaka sebitlerinde işleýän işgärleriň hem-de ýokary töwekgelçilikli toparlara degişli raýatlara sanjym edilip başlanjakdygy mälim edildi.

HYTAÝYŇ SANJYMYNYŇ BEÝLEKILERDEN TAPAWUDY

Hytaýdaky kompaniýalar sanjymlary öndürmekde günbatar ýurtlaryndaky kompaniýalar bilen deňeşdirilende has adaty usuly ulanýarlar. “Biontech” we “Pfizer” kompaniýalary tarapyndan işlenip düzülen sanjym -70 gradusda saklanmaly bolsa-da, hytaý kompaniýalary tarapyndan öndürilen sanjymy saklamak üçin 2 bilen 8 dereje aralygy ýeterlikdir.

“Sinovac” we “Sinopharm” tarapyndan öndürilen sanjymlar iýul aýynda gyssagly ulanmak üçin ygtyýar berildi, şondan soň iki kompaniýa sanjym işlerini ýola goýupdy. Şoňa laýyklykda, “Sinopharm” tarapyndan öndürilen sanjym gyssagly tassyklandy we takmynan 1 million adama sanjym edildi. Degişli beýannama noýabr aýynda Kommunistik partiýanyň sekretary tarapyndan edildi.

“Sinofarm” sanjym barada Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür, Iordaniýa, Peru we Argentina ýaly 10 ýurtda takmynan 60 müň meýletinçi boýunça kliniki barlaglaryny geçirdi. Kompaniýanyň Hytaýda ýylda 200 million dozada sanjym öndürjek iki desgasy bar.

Hytaýda “CanSino” firmasy tarapyndan öndürilen sanjym Russiýada, Pakistanda, Meksikada we Günorta Amerikanyň käbir ýurtlarynda synagdan geçirildi.

Hytaýda sanjym işläp düzmek babatda degişli işleri alyp barýan başga bir kompaniýa bolan “Anhui Zhifei Longcom Biologiki Farmakologiýa” şereketi waksina boýunça soňky synaglary geçirýär.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Okap bilersiňiz  Dünýäde iň köp girdeji gazanan 10 futbolçy

Ýene-de okaň

Anadolynyñ lezzetli ballary

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýük awiagatnawy

Ady rowaýata öwrülen taryhy Grand bazar – ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri