MEDENIÝET

Hod-dog iýmekde rekord goýdy

Her ýyl ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hod-dog iýmek boýunça bäsleşik geçirilýär. Bu bäsleşikde iň köp hot-dog iýen gatnaşyja baýraklar gowşurylýar.

Içi sosiskaly hot-dog iýmekde Joi Çestnata taý tapylanok. Ol 15-nji gezek bu bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardy. Çestnat 10 minudyň dowamynda 63 hot-dog iýdi. Ol bu babatda özüniň esasy bäsdeşinden 15,5 hot-dog köp iýmegi başardy.

Mundan ozal, Çestnat 76 hot-dog iýmegiň hem hötdesinden gelipdi. Ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän bu bäsleşik 100 ýyldan bäri dowam edýär.

Zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde bolsa, Miki Suda ýeňiji boldy. Ol geçen ýyl bu bäsleşige göwreli bolandygy üçin gatnaşyp bilmändi.

Miki Suda 10 minutyň dowamynda 40 sany sosiskaly çörek iýmegi başardy. Ol hem bu bäsleşikde 8-nji gezek ýeňiji boldy.

Joi Çestnat Halkara bäsdeşlik iýmit federasiýasy tarapyndan dünýäniň iň gowy tagam iýijisi hasaplanýar. Ol çalt iýmitlenmek boýunça yzygiderli türgenleşýär. Hemişe öz aşgazanyny arassalamak we onuň işini kadalaşdyrmak üçin süýt we suw içýär. Çestnat San-Hose uniwersitetiniň talyby bolan döwründe çalt iýmitlenmek boýunça bäsleşikde ýeňiji bolup, bu ukybyny entegem saklap gelýär.

 

Katardaky dünýä çempionatynyň biletleri satylýar

Ýene-de okaň

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly noýabr aýynda geçiriler

“Owaz”- durşy bilen aýdym-saz    

Ata Watan Eserleri

“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Hytaýda Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Türkmen döredijilik topary Türkiýede iş saparynda

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy