TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Katardaky dünýä çempionatynyň biletleri satylýar

Şu ýyl Katar döwletinde futbol boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Ýakyn Gündogar sebitinde ilkinji gezek geçirilýän bu abraýly sport ýaryşy 22-nji dünýä çempionatydyr. Ol köp babatda ilkinjileriň biri bolup durýar.

Futbol çempionaty geçirilýän ýeri boýunça Ýakyn Gündogardaky ilkinji çempionat bolmak bilen çäklenmän, eýsem gyş paslynda geçirilýändigi bilen hem tapawutlandy. Adatça dünýä çempionaty tomus paslynda geçirilýär.

Häzirki wagtda bu çempionatyň biletleriniň satuwyna başlady. Köp sanly janköýer bu çempionata gatnaşmak üçin bilet satyn almaga başlady. Häzirki wagtda biletleriň 2 milliona golaýy satyldy. Gyzykly tarapy, bu biletleriň iň arzany ýerli ýaşaýjylar üçin göz öňünde tutulypdyr. Olar biletleri 11 dollardan satyn alyp bilýär.

Daşary ýurtly janköýerler üçin biletler azyndan 69 dollardan satylýar. Kataryň polisiýa gullugy biletleriň galplaşdyrmagynyň öňüni almak üçin zerur işleri geçirýär.

Dünýä çempionatyna ilkinji gezek 32 milli ýygyndy gatnaşýar. Ýygyndylar 8 toparçada bäsleşýärler. Ýygyndylaryň düzümi 26 futbolçydan ybarat bolar. Ozal 23 futbolça rugsat berilýärdi.

21-nji noýabr-18-nji dekabr aralygynda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalardaky duşuşyklary 2 dekabrda tamamlanýar.

Güýz-gyş paslynda geçirilýän bu çempionat Pars aýlagyndaky ýokary temperatura sebäpli tomus paslynda geçirilmedi. Dünýä çempionaty 28 günde geçiriler. soňky çempionat 31-32 günde geçirilipdi.

 

 

Russiýa Federasiýasy üçin wiza almak

 

Ýene-de okaň

V Yslam Raýdaşlygy oýunlary: türkmen türgenleri medal gazanmagy dowam edýärler

Ata Watan Eserleri

Messi 17 ýyldan soňra sanawda ýok

Ata Watan Eserleri

Ildeşimiz Kristina Şermetowa 1 altyn, 2 kümüş medal gazandy

Ata Watan Eserleri