SIZDEN GELENLER

Dowamat – dowam ýollar

Hormatly Prezidentimiziň: ‹‹Paýtagt şäherimiz Aşgabat Berkarar döwletimiziň ykdysady, medeni ösüşleriniň aýnasy hökmünde ýylsaýyn örän sazlaşykly ösüp gözelleşýär›› diýen sözlerinden ugur alyp Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagyna 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda goşa baýram giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň ýüregi hasaplanýan Köpetdagy etekläp oturan Aşgabat şäherimiz bolsa, ýurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygydyr.

Geçmişde ‹‹Beýik Ýüpek ýoly›› diýen umumy ada eýe bolan bu adamzat ykballarynyň ösüşine täsir eden gahrymançylykly hem yklymlaryň halklarynyň dost-doganlygyny bakyýete öwren altyn ýol gury ýerdäki ýollaryň, deňiz ýollaryň, howa ýollarynyň peýda bolmagy bilen, kem-kemden taryha siňip gitdi. Bu ýol Günbatar bilen  Gündogary birleşdirýän gadymy kerwen ýoly bolup, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky bütindünýä mirasynyň düzüm bölegi hasaplanylýar. Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde, şeýle hem orta asyrlarda, Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara çenli Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa çenli, Zemmden (häzirki Atamyrat) Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir. Milli Liderimiz bu ýoluň dikeldilmegi babatda şeýle diýýär: ‹‹Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň  edil merkezinde ýerleşmek hem-de Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ýurt bolmak bilen, bu ugurda taryhy taýdan möhüm orny eýeläpdir. Häzirki döwürde biziň döwletimizde Beýik Ýüpek ýoluna, oňa mynasyp geljegine aýratyn ähmiýet bermek üçin syýasy we ykdysady mümkinçilikleri bar. Ol biziň ýurtlarymyzyň häzirki we geljekki ösüşini baglanyşdyrýan kuwwatly gural bolmalydyr››. Taryhy kökleri Çyn-Maçyndan gaýdýan Beýik ýüpek ýolunyň biziň günlerimizde dikeldilmegine açylan ýol aýdyň ýoldur. Ýollar bolsa yklymlary, halklary birleşdirýär, dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine, ykdysadyýetde, medeniýetde we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyz: ‹‹Biz Ýewraziýa giňişliginde halkara ulag ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek maksady bilen, ‹‹Demirgazyk-Günorta›› we ‹‹Gündogar-Günbatar›› ulag geçelgelerini – awtomobil ýoluny, demir ýol, howa we deňiz ýollaryny gurmak başlangyjy bilen çykyş edýäris. Munuň özi köp şahaly we köpugurly Beýik ýüpek ýoluny dikeltmekdäki aýgytly ädimlerdir›› diýip nygtaýar. Beýik ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda alnyp barylýan işlerde demir ýollaryň orny ulydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda demir ýol önümçilik düzümi täze ösüşe eýe boldy. 2009-njy ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bütinleý durky täzelenen, täze binalar bilen üsti ýetirilen, örän täsin taryhy başdan geçiren ýurdumyzyň dost-doganlyk derwezeleriniň biri bolan Aşgabat demir ýol menziliniň kaşaň binasynyň açylyş dabarasy boldy. Demir ýoluň menziliniň täze binasyny arhiwde bar bolan köne binasy baradaky maglumatlar bilen deňeşdireniňde ýer bilen gök ýaly tapawut görýärsiň. Geçen asyryň başynda demir ýol wokzaly depesi kiçijik gupbalyja, çür depesinde paýtunly ulag gatnadyjynyň şekiljigi ornaşdyrylan, şol wagtky Aşgabada mahsus bolan bir gatly uly bolmadyk jaýdan ybarat bolupdyr. Aşgabat demir ýol menziliniň taryhy barada söz açanymyzda 1912-nji ýylda rus dilinde neşir edilen ‹‹Illýustrirowannyý putewoditel po sredneaziatskoý železnoý doroge›› diýen ýol görkezijide bu demir ýol duralganyň 1-nji klasly wokzal hökmünde häsiýetlendirilişini agzap geçesiň gelýär. Şol neşirde köp sanly okuw mekdepleri bolan abadanlaşdyrylan şäher hökmünde Aşgabadyň oblastyň ylmy merkezi bolandygy, şeýle-de her tarapyndan giň köçeleriň, tomsuň jokrama yssysynda göze ýakymly arassa jaýlaryň, öýleriň durşy bilen gök baglyga beslenip oturyşlary barada aýdylyp geçilýär.

Beýik Watançylyk urşunyň agyr ýyllarynda, 1942-nji ýylyň awgustyndan 1943-nji ýylyň fewraly aralygynda Krasnowodskiniň deňiz porty hem-de Aşgabat demir ýoly Bakuwy, Zakawkazýeni we Gara deňzi ozalky Soýuzyň galan territoriýalary bilen baglanyşdyrýan ýeke-täk aragatnaşyk ulgamy bolup hyzmat etdi. Olar harby goşuny, tehnikany ondan-oňa göçürmekde, demirgazyk Kawkaz we Zakawkaz Frontlarynyň esgerleri üçin gumanitar ýükleri daşamakda ulanyldy. Uruşdan soňky ýyllarda demir ýol ulgamy durnukly ösdürildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa ol batly depgin bilen ösüş ýoluna gadam basdy. Täze kärhanalaryň açylmagy, häzirki zaman tehnologik ulgamlaryň satyn alynmagy, hereket edýän kärhanalaryň döwrebap derejede tehnikalar bilen üpjün edilmegi, olaryň kuwwatynyň birnäçe esse artdyrylmagy ýurduň demir ýol ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ilata demir ýol hyzmatlarynyň hilini düýpgöter gowulandyrmak barada bitirilýän giň möçberli işleriň biri hökmünde Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijesinde her ýyl täze wagonlaryň we döwrebap teplowozlaryň satyn alynmagyny mysal getirmek mümkin.

Öz gözbaşyny gadymyýetiň mukaddes ýoly bolan Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýan bu polat ýollar dowamat-dowam bolup, dünýäniň ýüregine, kalbyna öwrülsin.Goý, bu ýollar halklaryň arasynda diňe bagtyň, parahatçylygyň we birek-birege ynanyşmagyň nyşany bolup, asudalygyň we abadançylygyň ýoluna öwrülsin!

                                                                                          Şeker HUDAÝBERENOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

Ýaşamak üçin rugsatnama nobatyna çäklendirmäniň täsiri

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr