TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
turkmenmaglumat.comÝazyjylar,Şahyrlar

Daňatar Hydyrow

  • Ýazyjynyň ady we familiýasy: Daňatar Hydyrow
  • Doglan ýeri: Gökdepe etrabynda doglan.
  • Doglan senesi: 25-nji dekabr 1953-nji ýyl
  • Aradan çykan senesi: -
  • Bilimi: Gökdepe etrabyndaky 12-nji soňra 26-njy orta mekdebi. 1967–1969-njy ýyllarda Gökdepäniň sazçylyk mekdebi. 1970–1974-nji ýyllarda P. I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk uçilişesiniň sazyň teoriýasy bölüminde kompozisiýadan,1974-1979-njy ýyllarda N. A. Rimskiý-Korsakow adyndaky Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg) konserwatoriýasynyň kompozitorçylyk fakultetinde talyp.1986-1988-nji ýyllarda Moskwada kompozitorçylyk ugrundan gaýybana aspiranturada okaýar.
  • Gysgaça maglumat:

    1989-1990-njy ýyllarda Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginde jogapkär kätip,1990-1991-nji ýyllarda Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynda direktor hem-de çeper ýolbaşçy,1991-nji ýylda «Altyn guşak» habarlar medeni merkeziniň direktory, 2001-2003-nji ýyllarda Türkmen tewideniýesinde saz redaktory,1979-1986-njy ýyllarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde saz redaktory,1986-1989-njy ýyllarda Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde saz teoriýasy dersinden mugallym, 2003-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda orkestriň ýolbaşçysy wezipelerinde işledi. 2018-nji ýyldan häzirki wagta çenli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda uly mugallymy wezipesinde işleýär. 1990-njy ýylda — Bütinsoýuz ýaşlar baýragy, 1988-nji ýylda  —SSSR-iň Döwlet baýragy, 2008-nji ýylda  — «Türkmenistanyň halk artisti», 2007, 2009, 2012-nji ýyllarda — Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Atlyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Daňatar aganyň maşgalasynda iki ogul, bir gyz perzendi, on bir agtygy, üç çowlugy bar. Uly ogly Mämmet saz ugrundan bilim alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işleýär. Gyzy Enejan Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallym, körpe ogly Mergen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

  • Döredijiligi:

    Daňatar Hydyrow hakynda söz açylanda ilki bilen onuň şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Şadyýan gün» atly goşgusyna döreden aýdymy ýadyma düşýär. Gurbannazar şahyryň dünýeden gaýdanyna-da ençeme ýyl geçdi, emma halkyň kalbynda ýaşaýan bu aýdym häzirki günlerimizde-de, uly höwes bilen ýerine ýetirilýär. Aýdymçylar joşgun bilen bu aýdymyň:

    «Garagol çagany guş deý göterip,

    Mündürýärin sazdan doly kelläme…» diýen setirlerini ýerine ýetirýärkä, näme üçindir her gezek, göýä, şahyr ol setirlerini Daňatar aga üçin ýazan ýaly duýulýar. Daňatar aganyň sazlaryna döredilen aýdymlar hakydamda janlanýar. «Özgeleri diňledim», «Ýaýla hüwdüsi», «Sähram», «Elwan güller», «Gyzlaryma»… Ol aýdymlary ýatlap oturşyňa pessaýja owaz bilen hiňlenip öz-özüň aýdymyň dünýäsine gireniňi kimdir biri ünsüňi bölende bilip galýaň. Şonda sazy, sözi, ýerine ýetirilişi juda jüpüne düşen şeýle şowly aýdymlaryň öz döredijilerine bakylyk ömür bagyşlaýandygyna göz ýetirip, sungatyň gudratly güýjüne buýsanjyň artýar. Belki, şonuň üçindir, Daňatar aganyň ýene-de Gurbannazar şahyryň «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok» atly goşgusyna döreden, diýseň üýtgeşik aýdymyndaky:

     «Dünýäň her gülünde men seni görýän,

    Şonuň üçin bu dünýäden gitme ýok» diýen söýgi setirleri köpmanyly pikirleri özünde jemläp, halkyň kalbyndan ebedilik orun alan aýdymlar hakynda oýlandyrýar. Daňatar aga täsin oýlanmalara atarýan ajaýyp aýdymlary döreden kompozitorlarymyzyň biri. Ol juda pes päl, kiçi göwün, mylakatly hem saýhally adam. Ýolda-yzda sataşsa mähribanlyk bilen saglyk-amanlyk soraşyp, hal-ahwalyňdan habar alýar. Ulumsylygy, badyhowalygy ýok. Gürleşende ýüzi nurana, ýylgyryp durandyr, ýöne agraslygyny ýerlikli gepinden, sözünden duýup bolýar. Daňatar aganyň aýaly Dursun gelneje «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýesi. Oňa «Soýuz döwründe ol ýurdumyzyň ýokary Sowetiniň deputaty boldy» diýerdiler. Ýazyjy Hudaýberdi Bäşimow Daňatar aganyň ýakyn dostlarynyň biri: Ol:

    — Daňatar Hydyrow Leningradda (häzirki Sankt-Peterburg) ýokary okuw mekdebini tamamlap Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine işe geldi. Kellesi tahýaly ýaş ýigitdi. Şol wagtlar ministrlikde sungat edaralarynyň müdirliginiň başlygy Aşyr Mämiliýewdi. Ol: «Kellesi tahýalyja şu ýigide köpräk üns bermeli. Köp bilýäne meňzeýär» diýip tabşyryk beripdi. Adatça köpimizde bolýan ýagdaý, ýokary okuw mekdebi tamamlap işe gelenimizde bilimiň, sowadyň aňrybaşyna ýetendiris öýdülýär. Daňatarda şo häsiýet bolmady. Işe gelenden yhlas edip, her bir tabşyrylan işe bar ünsüni berip işläp başlady. Ol öte sowatly. Şeýle bir adamlar bolýar, ylahydan berlen zeninli, ylhamy joşgunly, ýöne olaryň käbirleri kompozitorçylyk sungatynyň tehniki taraplaryny oňarmaýarlar. Bu ugruňam «poema nähili bolmaly, sýuta nähili bolmaly, kontata nähili bolmaly?» diýen ýaly öz kada-kanunlary bar, şony her kim başarmaýar. Rejep Allaýarow, Rejep Rejebow, Daňatar Hydyrow ýaly kompozitorlar döredijilik ussatlyklary bilen has tapawutlanýarlar. Daňatar saz eserleriniň görnüşleriniň her biriniň nähili žanra degişlidigini, ol eserlerde haýsy saz gurallary ulanmagyň ýerlikli aýratynlyklaryny gowy bilýär hemem özi ýerine ýetirmegi oňat başarýar. Daňataryň ýene bir aýratynlygy islendik pursatda döwrüň sesine ses goşup, gyssagly ýagdaýda-da seslenip bilýär. Özem diýseň işjanly. Ilki-ilkiler Gökdepeden gatnap işleýärdi. Köneje «zaparož» ulagy bardy. Şol ulagy bilenem işe gijä galman gelerdi. Ol kän sahna hem kino eserleriniň sazyny ýazdy, ençeme sahna oýunlaryň, kinolaryň saz bezegini ýerine ýetirdi. Bir mahal Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow Andreý Platonowyň eseri esasynda «Jan» spektaklyny sahnalaşdyrypdy. Şol spektaklyň režissýory bilen birlikde birnäçe artistler, oýnuň hudožnigi hem-de sazyny ýazany üçin Daňatar Hydyrow  Bütinsoýuz ýaşlar baýragyna mynasyp bolupdy — diýip gürrüň berdi.

    Daňatar aga häzire çenli çagalar üçinem 20-ä golaý aýdym döretdi. Sahna eserleriň arasynda-da, hem ulular üçin hem çagalar üçin sahnalaşdyrylan oýunlaryň ençemesiniň sazyny şeýle-de, «Pälwan», «Gülýaka», «Gadymy daglaryň rowaýaty» we başga-da kän çeper filmleriň, multfilmleriň, dokumental filmleriň sazyny ýazdy. Ençeme filmleriň saz bezegini ýerine ýetirdi. Ol Türkmenistanyň A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Gowşutgeldi Daňatarowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Pereňli» atly sahna eserini hem saz bilen bezedi. Bu eseriň wakasy türkmen durmuşyndan ýazylan. Ýöne şol eserde kompozitor Eýran, Fransuz garaz, dürli ýurtlaryň saz eserlerinden bölekleri-de ulanmaly bolýar. Sebäbi şol eseriň gahrymanlarynyň arasynda dürli halklaryň wekilleri bardygy üçin, ol halklaryňam däp-dessuryny, milli aýdym-saz sungatyny sazlaşykly, peýdalanmaly.  Ine, diňe şu pursadyň özündenem Daňatar aganyň dünýä aýdym-saz sungatyndan tejribesiniň ýetikdigine göz ýetirip bolýar. Ol dünýä belli nusgawy kompozitorlaryň sazlary bilen terbiýelenen ussatlaryň biri. Ol orta mekdepde okap ýören ýyllary goňşusy Amangeldi Goçowdan mandolina çalmagy öwrenýär. 1967–1969-njy ýyllarda Gökdepäniň sazçylyk mekdebinde akkordion saz guralyny çalmak hünärinden  bilim alýar. Ol ýerde Baýram Bekmyradow, Kima Ýusubowa, Myratdurdy Saparow, Kakadurdy Ilmyradow dagydan tälim alýar. Okuwymyň daşyndan agşamlaryna Gökdepe etrap medeniýet bölüminiň aýdym-saz gurnagyna-da gatnaýar. Gurnagyň üflenip çalynýan saz gurallary bölümine-de gatnap, ýörite toparyň düzüminde çykyş etmegi düşünjesini has-da giňeldýär. Etrapda  açylan «Gökdepe mukamlary» aýdym-saz toparynda-ha hasam kämilleşýär.  Ýöne sazçylyk mekdebiniň ilkinji uçurymy hökmünde ony, tälim beren mugallymlarynyň her bir sapagy sungata içgin aralaşdyrýar. Kima Ýusubowanyň sapaklary hasam Nury Halmämmedowyň döredijiligi bilen gyzyklanmagyna iterdi. Meşhur türkmen kompozitorlarynyň kino filmlere ýazan sazlaryny magnitafon lentasyna ýazgy edip, gaýta-gaýta diňleýär. Şeýlelikde şol ýyllarda ilkinji sazlaryny  döredip başlaýar. Ol Moskwada okaýan döwri fortepiano üçin üç bölümden ybarat sonatina, skripka we fortepiano üçin poema ýazýar. Soň Leningradda okaýarka Konserwatoriýanyň talyby hökmünde döreden sazlarynyň içinde Mämmet Seýidowyň sözlerine «Bahar nagyşlary» wokal toplumy, Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eseriniň rusça terjimesiniň iki   bölümine ýazylan eser, kirişli saz gurallary üçin wariasiýalar hem bar. Konserwatoriýany tamamlamak üçin ýazan diplom işi-de üç bölümden ybarat simfoniýa bolýar. Ol şonda bu diplom işi üçin döwlet synag toparynyň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Ol «Küştçi» filminde surata düşdi. Çagalar üçin 20-ä golaý aýdym döretdi. Ulular üçin döreden aýdymlary sanardan kän. «Pälwan», «Gülýaka», «Gadymy daglaryň rowaýaty» we başga-da kän çeper filmleriň, multfilmleriň, dokumental filmleriň sazyny ýazdy. Ençeme filmleriň saz bezegini ýerine ýetirdi.

  • Çeşme: Atawatan Türkmenistan «Ýakymly ýatlamalar»
  • Taýýarlan: Akgül SAPAROWA.
  • Taýýarlanan senesi: 13/05/2022

Ýene-de okaň

Mämmet Seýidow

Gülnar Orazgylyjowna Nuryýewa

Togrulbeg Hallyýewiç Artykow

Ata Watan Eserleri

Teswirle