TESWIRLER

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady

Şu gün “WSJ” neşirindäki habarlaryň birinde uly kompaniýalaryň üstümizdäki ýyl işgärlerini azaltjakdygy ýazylýar we olaryň arasynda emeli aň sebäpli işden çykarmalar barada hem aýdylýar.
Käbir temalary totyguş ýaly gaýtalap durýandyryn (elbetde tema şol bolsa hem berilýän maglumat başga). Olaryň biri hem Emeli aň!.  Emeli aň hem edil pyçak ýaly, alma kesseň witamin, jenaýat etseň netijesin özüňiz bilýärsiňiz!   Şol sebäpli emeli aňy hem ulanmagy başarmaly! Emma diňe ulanmak däl, sebäbi ady üstünde emeli aň, köp zady özi edýär. Diýmek emeli aňy ulanmak (Iphone 18 Pro Maksima ) ýaly  diňe liftde surata düşmek üçin işe ýaramaly däl! Emeli aňy ulanyp dörediji tarapda bolmaly. Eýsem näme diýjek bolýaryn.?
Geljek barada azajyk pikir edip göreliň! Köplere bu bolup biläýjek ýagdaýlar ýaraman biler, emma görnüşine görä, ýakyn gelejek şeýle boljak!
Ilkinji nobatda emeli aň bilen edip bolýan işgärleri işde saklamak zerurlygy aradan aýrylar we şol işgärler işden çykarylar. Emma “Emeli aňy” hem işletmek gerek. Ýagny, diýeýli 20 işgäri işden çykardyň we ol işleri emeli aňa ettirjek. Emma emeli aňy nädip dolandyrjak! Ine Emeli aňy ulanyp, oňa işleri ettirip bilen işgärler ilkinji işini ýitirenler bolmaz! Ol işgärler entek entek gerek bolar!  Ýagny emeli aňy ulananlar.! Emeli aňy sarp edenler däl!  Ilkinji nobatda öwrenilmeli zat, emeli aňy sarp edenden çykyp, emeli aňy ulanan bolmak! Eýsem näçämiz emeli aňy bilip sarp edýäris.
Emma esasy maksat emeli aňy döreden boljak bolmaly! Emeli aňy döredenler 3 topara aýryp bolar! Maýadarlar.. Pikir öndürijiler.. Pikiri durmuşa geçirýänler.
Elbetde maýadar bolmak hemmä başardyp durmasa gerek! Emma, esasy zat Pikiri öndürmek! Stiw Jobs pikiri öndürýär. Ol “Men şeýle telefon arzuw edýärin” diýýär we onyň bolmalysyny aýdýar!  Inženerler bolsa bu telefony taslaýarlar! Hemme kişi Stiw Jobs bolman biler belki emma, pikiri durmuşa geçirýän bolup bilersiňiz.
Elbetde dünýäniň ýüzi diňe inženerden ybarat bolmaly diýen zat ýok!  Ine, şol sebäpli Emeli aňy ulanýanlardan bolalyň diýip aýtdym!. Unutmalyň emele aňa hem birileri öwredýär!
Dr.Döwran Orazgylyjow

Ýene-de okaň

Hasaply dost uzaga gider

Ata Watan Eserleri

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Ata Watan Eserleri

Çaga Robot Däldir

Ata Watan Eserleri

Arkalaşan dag aşar : Ot almaga gelen ýaly

Ata Watan Eserleri

Dünýä deňelen düýäm

Ata Watan Eserleri

Eýeçilikli göz

Ata Watan Eserleri