TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
turkmenmaglumat.comÝazyjylar,Şahyrlar

Akmuhammet Aşyrow

  • Ýazyjynyň ady we familiýasy: Akmuhammet Aşyrow
  • Doglan ýeri: Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Suhty-2 geňeşliginde doglan.
  • Doglan senesi: 1935-nji ýylyň 23-nji fewraly
  • Aradan çykan senesi: 2007-nji ýylyň 26-njy awgusty
  • Bilimi: Murgap etrabyndaky 27-nji orta mekdebi, Murgap etrabyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynda, 1952-1956-njy ýyllarda häzirki Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň dil we edebiýat fakulteti.
  • Gysgaça maglumat:

    Ýokary okuw mekdebi gutaryp, Murgap etrabyndaky oba mekdeplerinde dil we edebiýat mugallymy, bolup işe başlaýar. 1964-nji ýylda Aşgabatdaky TSSR halk magaryf  ministrliginiň mekdepler ylmy-barlag institutynda işini dowam edýär. Ol Magtymguly Garlyýew, Ödenýaz Nobatow, Muhy bagşy, Oraz Salyr, Sary bagşy we başga-da aýdym-saz sungatymyzyň sütün halypalarynyň ençemesiniň ýubileý toýlaryny dabaralandyrmaga ýolbaşçylyk etdi. Dürli ýyllarda teleradio ýaýlymlarda, häzirki Maýa Kulyýewa adyndakyTürkmen milli konserwatoriýasynda dürli wezipelerde işläpdir. Onuň bäş gyz, ýedi ogul perzendi, agtyk-çowluklary bar.

  • Döredijiligi:

    1964-nji ýylda edebi okuw sapaklarynda çagalar üçin «Çagalaryň durmuşyndan ýazylan eserleri öwrenmek» atly gollanmasy çap edilýär. Ol ençeme ýyllap ussat bagşy sazandalaryň döredilik ýoluny öwrenmek üçin olaryň arasynda bolup, «Bagşylar öýüni» döredýär. Meşhur bagşy –sazandalar hakynda 400-den gowrak tele we radio gepleşikleri taýýarlap diňleýjilere ýetirýär. 45 sagatlyk saz ensiklopediýasyny taýýarlapdyp. Onuň 300-e golaý ululy-kiçili ylmy we çeper makalalary dürli metbugat neşirlerinde çap edilýär. Olardan: «Saz öwrenijiler we türkmen sazy»,  «Türkmen aýdym-saz ýazgy ýadygärlikleriniň taryhyndan», «Ýadygär nusgalar» we başga-da uly göwrümli makalalary aýdyp bolar. Onuň «Bagşylar kerweni» atly kitabynda 200-e  golaý bagşydyr sazandanyň  sungat hem ömür kyssalary beýan edilýär. 1992-nji ýylda «Köne güzer»,1993-nji ýylda «Kyrklar» we ýene-de iki tomdan ybarat «Türkmen halk dessanlary» atly kitaplary çap edildi.1995-nji ýylda «Folklor we bagşyçylyk sungaty» atly temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Ol halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin1993-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly at bilen sylaglandy. 2005-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazeti  üçin Gandym aga keşbi bilen tanalýan meşhur artist Sary Garryýew hakynda makala ýazdym. Şonda  Sary agalaryň öýlerine baranymda onuň arhiwinde  syýa bilen  «Dostluk sazy»  nota geçirilen ýazgynyň gapdalynda  Sary Garryýew diýen ýazga gabat geldim. Akmuhammet aga  bu wakany gürrüň berdim. Şonda ol: «1964-nji ýylyň güýzünde Türkmen döwlet arhiwindäki ses ýazgylaryny diňläp, olary aýyl-saýyl etmek başlandy. Şol diňleşige men hem gatnaşdym. 1939-njy ýylda mehaniki ýazga alnan bagşylaryň köpüsini tanadylar. Emma şolardan üç bagşy tanalmady. Ýogsam ol aýdymlary kän adama diňletdik. Emma netije çykmady. Ahyry Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowa ýüz tutmaly boldy. Aýdymlary bir ýanyndan täzeden diňläp ugradyk. «Bilen barmy», «Körata», «Zülpüň seniň», «Amman-amman» ýaly aýdymlar ýaňlanyp başlandan soň, Sahy Jepbar: «Bu köşüli bagşynyň sesi ýaly-la» diýip, bagşynyň aýdymlaryny ýüzüne syldy. Ýazga alnan aýdymlaryň beýlekilerem diňlenip, şolardan ýigrimä golaýy Hally bagşa degişli boldy. Galanlaryň on ýedisi Hally bagşynyňam şägirdi bolup gezen Gökje obasynda ýaşap geçen Oraz Sopynyň aýdan aýdymlary eken. Biziň öň anyklap bilmedik aýdymlarymyzyň on sekizsini hem belli artistimiz Sary Garryýew aýdan eken. Ol aýdymlaryň ýazgy hiliniň pesligi üçin kabul edilmedi» diýip gürrüň beripdi. Akmuhammet aga aýdym-saz sungatymyza degişli şunuň ýaly sowallar ýüze çykanda haýyş bilen ýüz tutýardyk. Indi bolsa onuň özi aýatda ýok bolsa-da, bu ugurdan ýazyp giden kitaplary ýaşlar üçin uly gollanma bolup hyzmat edýär.

  • Çeşme: Atawatan «saz yşgynda perwana»
  • Taýýarlan: Akgül SAPAROWA.
  • Taýýarlanan senesi: 01/06/2022

Ýene-de okaň

Mämmet Seýidow

Gülnar Orazgylyjowna Nuryýewa

Togrulbeg Hallyýewiç Artykow

Ata Watan Eserleri

Teswirle