SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropada köpçülikleýin sanjyma girişildi

27-nji dekabrda Ýewropa bileleşigi koronawirus keseline garşy köpçülikleýin sanjym geçiriş çäresini başlatdy diýip, “Reuters” habar gullugyna habar berýär. 26-njy dekabrda Ýewropa ýurtlarynda sanjyma badalga berilmeginiň bir gün öňýanynda, Germaniýada we Wengriýada döwletlerinde sanjym edilip başlanypdyr. 450 million ilatly ýewropa sebiti, 2021-nji ýylda uly ýaşly adamlara sanjym etmek maksady bilen üpjün edijilerden iki milliard dozadan gowrak sargadylar we şertnama baglanyşdylar.

“Sanjym ýuwaş-ýuwaşdan adaty durmuşa dolanmaga we pandemiýany ýeňip geçmäge kömek eder”

diýip, Ýewropo Komissiýanyň başlygy belläp geçdi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan tassyklanan “Pfizer-BioNTech” sanjymyny ilkinji bolup saglygy goraýyş işgärleri sanjym etdirerler.

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde ýerleşýän hassahanalaryň işgärlerine sanjymlar eýýäm edilipdir.

Şeýle hem Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Portugaliýa we Ispaniýa hem saglyk goraýyş işgärlerine köpçülikleýin sanjymlary etmäge başlamagy meýilleşdirýärler.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Anadolynyñ lezzetli ballary

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýük awiagatnawy

Ady rowaýata öwrülen taryhy Grand bazar – ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri