JEMGYÝETPEÝDALY MASLAHAT

Işde galmak üçin artykmaç hukuklar barada maglumat

Işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagynda işgärlere işde galmak üçin artykmaç hukuklar kime berilýär?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä, 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 50-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy sebäpli, şol sanda önümçiligiň tehnologiýasyndaky, zähmeti guramakdaky üýtgetmeler, işleriň möçberleriniň gysgaldylmagy, işleriň häsiýetiniň üýtgedilmegi bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilende has ýokary hünärli we zähmet öndürijilikli işgärlere işde galmak üçin artykmaç hukuk berilýär.

Hünäri ýa-da zähmet öndürijiligi deň bolanda, işde galmak üçin artykmaç hukuk şu aşakdakylara berilýär: Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda weteran diýip ykrar edilen adama; çagalykdan maýyplygy bolan adama; şol kärhanada azyndan on ýyl işlän işgäre; pensiýa ýaşynyň öňüsyrasyndaky adama (ýaşy boýunça pensiýa iki ýyl galanda); şol kärhanada zähmet şikesini ýa-da hünär keselini alan adama; eklenjinde iki ýa-da köp adam bolan işgäre; maşgalada ýeke-täk ekleýji bolup durýan adama; önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen okuw mekdebinde okaýan işgäre; radiasiýa betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adama; ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdebini tamamlandan soň, işe iberilen ýaş hünärmene.

 

Şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri üçin ýer bölekleri barada maglumat

 

 

Ýene-de okaň

Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Pagta ýygymçy we Pagtaçy.”. hünârleri sanawa goṣuldy

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Amerikan Merkezinde “Ylmy lageri”geçirilýär.

Ata Watan Eserleri