TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri üçin ýer bölekleri barada maglumat

Şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri üçin ýer bölekleri kimlere berilýär?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä,  2004-nji ýylyň 1- nji noýabryndan herekete girizilen “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 25-nji maddasyna laýyklykda, Daýhan birleşikleriniň agzalarynyň, beýleki oba hojalyk we tokaý hojalyk kärhanalarynyň işgärleriniň maşgalalaryna, şeýle hem mugallymlaryň, lukmanlaryň we işi oba ilatyna hyzmat etmek bilen baglanyşykly beýleki hünärmenleriň maşgalalaryna, şol hojalyklarda işläp, soň gös-göni pensiýa çykan pensionerleriň maşgalalaryna we oba ýerinde ýaşaýan maýyplygy bolanlara, ýaşaýyş jaýynyň we hojalyk desgalarynyň tutýan meýdanyny goşmak bilen 0,16 gektara çenli möçberde satmak, çalyşmak, peşgeş bermek, girewe goýmak hukugyny bermezden, ýer we suw serişdelerini hasaba almak bilen şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin mellek ýeri mirasa goýmak hukugy bilen hususy eýeçilige berilýär.

Gür ilatly, ýer we suw serişdeleriniň çäkli etraplarynda (şäherlerinde) ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, degişli welaýatyň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň çözgüdi esasynda şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin kesgitlenilen möçberden az, ýöne her maşgala 0.12 gektardan az bolmadyk şerti bilen ýer bölekleri berlip bilner. Mellek ýeri, Türkmenistanyň hukuk namalarynda bellenilen tertipde, şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak, ýaşaýyş jaýyny we hojalyk desgalaryny gurmak üçin peýdalanylýar.

 

Nika bozulandan soňra çaga bilen onuň ýakynlarynyň gatnaşyk saklamaga bolan hukugy barada

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle