TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Nika bozulandan soňra çaga bilen onuň ýakynlarynyň gatnaşyk saklamaga bolan hukugy barada

Atasynyň we enesiniň, babasynyň we mamasynyň, doganlarynyň, şeýle hem beýleki garyndaşlarynyň çaga bilen gatnaşyk saklamaga hukuklary barmy?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä,  2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden herekete girizilen Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 91-nji maddasyna laýyklykda, atasynyň we enesiniň, babasynyň we mamasynyň, doganlarynyň, şeýle hem beýleki garyndaşlarynyň çaga bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr. Ata-ene (olaryň biri) çaganyň garyndaşlaryna onuň bilen gatnaşyk saklamaga mümkinçilik bermekden ýüz öwren halatynda, hossarlyk we howandarlyk edarasy ata-enäni (olaryň birini) şeýle gatnaşygy saklamaga päsgel bermezlige borçly edip biler. Eger ata-ene (olaryň biri) hossarlyk we howandarlyk edarasynyň çözgüdine tabyn bolmasalar, çaganyň garyndaşlary ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasy çaga bilen gatnaşyk saklamaga berilýän päsgelçilikleri aýyrmak hakynda hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr. Kazyýet jedeli çaganyň iň gowy bähbitlerini we pikirini nazara almak bilen çözýär. Kazyýetiň çözgüdi ýerine ýetirilmedik halatynda günäkär ata (enä) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreler ulanylýar.

 

Iş döwri we oňa degişli bolýan döwürler barada peýdaly maslahat

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle