TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Iñ meşhur aýdymlaryñ ilkinji 10-lygy saýlandy

Iñ meşhur aýdymlaryñ ilkinji 10-lygy saýlandy

BBC-nyñ” habar bermegine görä, soňky 20 ýylyñ iñ meşhur aýdymlary saýlanyldy.

Olar:

  1. Farrel Wilýemsiñ ýerine ýetirmeginde “Happy” aýdymy birinji oruna mynasyp boldy. “Happy” aýdymy “Men erbet” multfilminiñ aýdymy hökmünde aýdyldy. Şeýle hem bu kompozisiýa Beýik Britaniýanyñ iñ meşhur aýdymlarynyñ arasynda 8-nji oruna mynasyp boldy.
  2. Meşhur aýdymçy Adeliñ ýerine ýetirmeginde “Rolling In The Deep” aýdymy ikinji oruna mynasyp boldy. Şol aýdymyñ saýasynda Adel 3 gezek “Gremmi” baýragyna mynasyp boldy.
  3. “Maroon 5” we Kristina Agileranyň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Moves Like Jagger” aýdymy üçünji oruna mynasyp boldy. Bu aýdym Amerikanyň aýdym-saz bäsleşiklerinde baýrakly orna mynasyp boldy.

Şeýle hem ilkinji 10-lyga:

Daft Punkyñ, Farel Wilýemsiñ we Nil Rojersiñ-“Get Lucky”aýdymy; Jastin Timberleýkiñ “Can’t Stop The Feeling”aýdymy; “Black Eyed Peas” toparynyñ-“I Gotta Feeling”aýdymy; Marka Ronsona we Bruno Marsonyñ-“Uptown Funk”aýdymy; “One Republic” toparynyñ-“Counting Stars”aýdymy; Si Lo Grina aýdymçynyñ-“Forget you”aýdymy ilkinji 10-lyk orunlaryny paýlaşdylar.

Bu bäsleşik aýdymlaryñ Beýik Britaniýanyň radiosynda we telewideniýasynda ýygy-ýygydan diñlemeginden we görkezilmeginden saýlandylar.

Ýene-de okaň

«Türkmenfilm» birleşigi täze multfilmini hödürleýär

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Uly çille

Teswirle