SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi

Ene süýdi çaga üçin iň ýokumly iýmitleriň biri hasaplanylýar. Ol çagany içgeçmeden, gulak, dem alyş ýollarynyň kesellerinden we gaýry näsazlyklardan goraýar. Ene süýdi çaga üçin birinji 6 aýlykda has ýokumly iýmitdir. Onuň düzüminde çaganyň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan ähli maddalar saklanýar we çaganyň iýmit maddalaryna, suwuklyklara bolan talaplaryny doly kanagatlandyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başlangyjy bilen, her ýylyň 1-nji awgustyndan 7-nji awgustyna çenli Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi geçirilýär. Onuň döredilmegine 1990-njy ýylda BSGG-niň çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi höweslendirmäge hem-de goldamaga gönükdirilen Innoçet jarnamasynyň kabul edilmegi sebäp boldy.

Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi dünýä ýurtlarynyň 170-den gowragynda geçirilýär. Bu hepdeligiň maksady ene süýdüniň çaganyň saglygyna peýdalydygy barada zenanlary habardar etmekdir.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 6 aýa çenli ýaşdaky çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi, soňra goşmaça iýmitlendirmek bilen birlikde, çaga azyndan 2 ýaşaýança ene süýdüni bermegi maslahat berýär. Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeliginiň ýene bir maksady jemgyýetçilik köpçüligine ene süýdüniň çagany keselleriň köpüsinden gorap bilýändigini düşündirmekdir.

Ene süýdi bilen iýmitlendirmek tutuş ýurdumyzda umumy kabul edilen tejribe bolup, maşgala guran ýaşlara çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek maslahat berilýär. 2009-njy ýylda “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda” Kanun kabul edildi. 2016-njy ýylda Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň maslahatlaryna laýyklykda, bu Kanuna üýtgeşmeler girizildi.

Emdirilýän çaga emeli iýmitlenýän çaga garanyňda köpräk üns-alada bilen gurşalýar. Çaga ömrüniň ilkinji pursatlaryndan başlap, öz ene-atasynyň söýgüsini we aladasyny, şeýle-de ene süýdi bilen emdirilýän wagty söýgüläp aýdylýan süýji sözleri, mähirli garaýşy duýýar.

Çaganyň eşikleri tebigy süýümlerden tikilen, rahat we howa geçirýän bolmalydyr. Çaga eşikleriniň talabalaýyk bolmagy onuň hereketleriniň erkinligini hem-de şähdaçyk bolmagyny üpjün edýär. Çaga üçin maýyşgak emzikleri, çüýşeleri, emeli süýtleri ulanmak maslahat berilmeýär. Çaga 6 aýlyk bolanyndan soňra ene, ilki bilen, ony emdirmeli, soňra goşmaça nahar bermeli. Goşmaça nahary günde 1 gezek hem-de 1 — 3 çaý çemçesi möçberinde berip başlamaly.

Türkmenistanda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ýurtda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak boýunça milli maksatnama hereket edýär. Ony dowamly durmuşa geçirmek üçin Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binýadynda Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak boýunça merkez döredildi.

Ýene-de okaň

Anadolynyñ lezzetli ballary

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýük awiagatnawy

Ady rowaýata öwrülen taryhy Grand bazar – ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri