TEHNOLOGIÝA

BMW dizaýnly kater

«Sea Ray» kompaniýasynyň ABŞ-daky bölümçesi bolan «Sundance» katerler ulgamynyň 45 ýyllygy mynasybetli «Sundancer 370 Outboard» atly täze kater işlenip düzüldi. Onuň dizaýny «BMW Grouo» toparyna girýän «Designworks» studiýasyna degişlidir.

«Sea Ray»-yň baş dizeýneri Çarli Fossa «BMW Designworks» topary bilen pikirlerini birleşdirip, «şol bir wagtyň özünde geljege hormat goýmak we geljege ymtylmak» taslamasyny amala aşyrdy. Kater gözellik, berklik, sport ruhy we özüne mahsuslyk häziýetlerine eýe.

«Sundancer 370 Outboard»-a bäş adam sygýar. Onuň ýolagçylarynyň oturýan ýeri U görnüşindedir. Bu bölüm ýumşak kürsüler bilen üpjün edilipdir. Kürsüleriň gurnawynda ýekeje çüýüň hem ulanylmandygyny aýratyn aýtmaly.

Kaýutada duş, krowat, telewizor we çaklaňja aşhana bar.

Kater «Mercury Verado 300» asma motorlarynyň üçüsi bilen hereketlenýär. Onda GPS ulgamy hem ornaşdyrylandyr.

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

Ýene-de okaň

“Tesla” 2026-njy ýylda robotlaryň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýar

Aşgabat şäher häkimliginiň “Sanly şäher” mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilýär

“Windows” ulgamyndaky näsazlyk: dünýä kompaniýalaryna täsirini ýetirdi

Ilon Mask kompaniýalaryny Tehasa göçürýär

Dünýäde täze uçarlara bolan isleg artar

Türkiýäniň “Türksat 6A” aragatnaşyk hemrasy uçuryldy