TEHNOLOGIÝA

Türkiýäniň “Türksat 6A” aragatnaşyk hemrasy uçuryldy

Türkiýe Respublikasynyň ýerli inženerleri tarapyndan işlenip taýýarlanan “Türksat 6A” aragatnaşyk hemrasy ABŞ-nyň Florida şäherindäki Kanaweral kosmodromyndan kosmos giňişligine uçuryldy.

Türk emeli hemrasynyň älem giňişligine uçurylmagy mynasybetli guralan dabara Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Andulkadyr Uralogly, “Türksat” edarasynyň baş direktory Hasan Hüseýin Ertok, Türkiýäniň Ylmy-tehniki barlaglar geňeşiniň (TÜBITAK) ýolbaşçysy Hasan Maldan we beýlekiler gatnaşdy.

“Türksat 6A” emeli hemrasy Ýerden 35 müň 786 kilometr uzaklykda bolup, onuň agramy 4229 kilograma deňdir. Ol Hindistanyň, Tailandyň, Malaýziýanyň we Indoneziýanyň çäklerinde hyzmat berer.

Türkiýäniň bu emeli hemrasynyň kosmos giňişligine iberilmegi bilen türk emeli hemralarynyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň gurşawy 3.5 milliard adamdan 5 milliard adama çenli artdy.

Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministrligi we “Türksat” edarasynyň sargydy boýunça işlenip düzülen “Türksat 6A” emeli hemrasy ýerli türk inženerleri tarapyndan işlenip düzüldi. Munuň üçin 10 ýyldan gowrak wagt gerek boldy.

Türkiye ilkinji emeli hemrasy bolan “Türksat 1B” hemrany 1994-nji ýylda uçurypdy. Iki ýyldan soň 1996-njy ýylda “Türksat 1C”, 2001-nji ýylda “Türksat 2A”, 2008-nji ýylda “Türksat 3A” we 2014-nji ýylda “Türksat 4B” älem giňişligine çykaryldy. 2021-nji ýylda “Türksat 5A” we 2022-nji ýylda “Türksat 5B” kosmos uçuryldy.

Ýene-de okaň

Hytaýyň awtomobil kompaniýasy Türkiýede elektrikli awtomobil öndürer

BMG Baş Assambleýasy Hytaýyň emeli intellekt teklibini kabul etdi

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

“Sanly çözgüt — 2024”: emeli aň ugry hem girizildi

“Meta” bilen “Apple” emeli intellekt boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener