BIZNES

BirŽa :17 million 500 müň dollarlyk geleşik

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birŽasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan gelen telekeçiler poliropilen we polietilen satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Maltanyň, Owganystanyň işewürleri tehniki kükürdi («Türkmenhimiýa» DK) satyn aldylar. Şeýle hem awtoulag, portlandsement, reňksiz list aýna, buýan köküniň ergini, ýorgan-düşek toplumlary, nah mata we ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Gonkong, Türkiýe, Serbiýa, Estoniýa, Özbegistan, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 17 million 500 müň dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan we Beýik Britaniýadan, Türkiýeden gelen işewürler umumy bahasy 546 müň manatlykdan gowrak bolan trikotaŽ önümlerini, nah ýüplügi, buýan kökünden çaý içgilerini satyn aldylar.

Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 159 müň dollaryna golaý bolan awtomobil benzinini, ýurdumyzyň telekeçileri bolsa bahasy 1 million 365 müň manada deň bolan nebit bitumyny (TNGIZT-iň önümi) satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistanyň özara söwda möçberi artýar

Türkmenistan-BAE: gaz pudagynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

“Zangilan” tankeri Türkmenistandan nebitiň ilkinji tapgyryny Azerbaýjana ýetirdi

Özbegistan 10 milliard dollarlyk “akylly” şäher gurar

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy