BIZNES

Azerbaýjan Italiýa 10 mlrd kubmetr tebigy gaz iberer

Şu günler Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde energetika forumy geçirilýär. Şol forumyň çäklerinde Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow bilen Italiýanyň ekologik geçiş boýunça ministriň orunbasary Wanni Gawoýyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Azerbaýjanyň ministri şol duşuşykda 2022-nji ýylda Italiýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň 9,5 milliard kubmetre deň boljakdygyny belledi.

– Ýylyň ahyryna çenli Italiýa gysga we uzak möhletleýin şertnamalar esasynda 9,5 milliard kubmetr tebigy gaz eksport ediler – diýip, Şahbazow belledi. Şeýle hem ministr Transadriatik tebigy gaz geçirijisinyň kuwwatynyň artdyrylmagy bilen diňe Italiýa däl, eýsem Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna hem tebigy gazyň iberilişini artdyryp boljakdygyny mälim etdi.

2021-nji ýylda Italiýa azerbaýjan gazynyň 7 milliard kubmetriniň iberilendigini bellemek gerek.

Azerbaýjan gazynyň Ýewropa eksporty 2020-nji ýylyň dekabrynyň ahyrynda TAP gaz geçirijisi arkaly başlady.

TAP gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 878 kilomete bolup, onuň 550 kilometri Gresiýanyň, 215 kilometri Albaniýanyň, 105 kilometri Adriatik deňziniň aşagyndan we 8 kilometri Italiýanyň çäginden geçýär.

Taslamanyň eýeleri: SOCAR (20%), BP (20%), Snam (20%), Fluxys (19%), Enagas (16%) we Axpo (5%).

Taslamanyň bahasy 4,5 milliard ýewro. TAP taslamasynyň düýbi 2016-njy ýylyň 17-nji maýynda Gresiýada tutulypdy.

 

USAID WE EBRD pes uglerodly geljek üçin Memoranduma gol çekdiler

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistanyň özara söwda möçberi artýar

Türkmenistan-BAE: gaz pudagynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

“Zangilan” tankeri Türkmenistandan nebitiň ilkinji tapgyryny Azerbaýjana ýetirdi

Özbegistan 10 milliard dollarlyk “akylly” şäher gurar

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy