JEMGYÝET

Paýtagtymyzda söwda toplumynyň sergisi geçirilýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi açyldy. Giň gerimli gözden geçirilişe söwda toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň köp sanlysynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 200-den gowragy gatnaşýar.

Serginiň dabaraly açylyşyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy.

Dabara hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlagda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini dowam etdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, söwda toplumynyň häzirki wagtda halk hojalygynyň okgunly ösýän pudaklarynyň birine öwrülendigi bellenilýär.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli düzümleriň diwarlyklarynda azyk önümleriniň dürli görnüşleri we ilata edilýän hyzmatlar görkezilýär. Bu ýerde azyk harytlarynyň, alkogolsyz gazlandyrylan içgileriň, miwe şireleriniň, çörek we çörek önümleriniň, süýjülikleriň konditer önümleriniň, lezzetli tagamlaryň dürli görnüşleri tanyşdyrylýar.

Serginiň çeper el işlerine we türkmen halylaryna bagyşlanan bölümi oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dokalan halylar gözüňi dokundyrýar.

Serginiň çäklerinde milli modalar öýleriniň taýýarlan göze gelüwli lybaslarynyň görkezilişi guraldy. Milliligiň we döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygyny emele getirýän lybaslar  ony synlanlarda uly täsir galdyrýar.

Serginiň işi 5-nji aprele çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Pagta ýygymçy we Pagtaçy.”. hünârleri sanawa goṣuldy

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Amerikan Merkezinde “Ylmy lageri”geçirilýär.

Ata Watan Eserleri